14.11.2021
21883
Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda
1-nji madda
Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 85 619,2 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 25 796,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.
14.11.2021
5711
Plastmassanyň ýerine ekologiýa taýdan arassa we modaly esbaplar
Bütin dünýäniň daşky gurşawy hapalaýan plastika garşy göreşýän häzirki döwründe dürli ýurtlarda plastik torbalaryň deregine ekologiýa taýdan arassa çalşyrgyçlar hödürlenýär.
14.11.2021
11408
Nedir Allaberdiýew sambo boýunça 2021-nji ýylyň dünýä çempionatynda bürünç medaly gazandy
Sambo boýunça Daşkentde geçirilýän dünýä çempionatynda türkmenistanly Nedir Allaberdiýew ýurdymyz boýunça ilkinji bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 28 ýaşly uçurymy bu medaly 21 samboçy bäsleşýän, agramlary 79 kilograma çenli bolan toparda çykyş edip gazandy.
14.11.2021
10567
Tagan Berdiýew: türkmenlerden ilkinji akademik, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy
Golaýda dünýä alymlary, professorlary we talyplary Bütindünýä Ylymlar gününi bellediler. Şol gün açyşlar, ýetilen derejeler ara alnyp maslahatlaşyldy, edilen işler, ylmyň ol ýa-da beýleki ugrunyň gözbaşynda duranlar buýsançly ýatlanyldy.
14.11.2021
5626
Parižde ÝUNESKO-nyň ýubileýi bellenildi we Türkmenistan bilen gatnaşyklara garaýyş
Indi 75 ýyl bäri ÝUNESKO adamzadyň medeni mirasyny gorag astynda saklaýar we köpeldýär, tebigy baýlyklary goraýar we bilimdir ylymyň ösüşine ýardam edýär. Häzirki zaman dünýäsinde bu guramanyň ähmiýetiniň bibahadygyny baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar-da bellediler.
14.11.2021
8917
«Mizemez gadam» hususy kärhanasy izogam eksport edýär
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda, Diýarymyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde telekeçilik ulgamyna aýratyn orun degişlidir.
14.11.2021
14382
Astanababa obasynyň ýene bir ýadygärligi – Kyrk gümmez medresesi
Astanababa obasynyň ýene bir ýadygärligi Kyrk gümmez atly Akmuhammet işanyň medresesidir. ХVII – ХIХ asyrlar aralygynda gurlan medrese halk binagärligi ýörelgesi esasynda bina edilipdir.
13.11.2021
8253
Ýurdumyzyň oba hojalygynyň öňdebaryjy işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy
Şu gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri sylaglamak dabarasy boldy.
13.11.2021
8174
Türkmenistanly talyp gyz Bütinrussiýa bäsleşiginiň finalyna çykdy
Mariý döwlet uniwersitetiniň (MarDU) «Bejeriş işi» hünäri boýunça 4-nji ýyl talyby, türkmenistanly Regina Ergaşewa «Ýylyň talyby. Lukmanlar» birinji Bütinrussiýa bäsleşiginiň finalyna çykanlaryň sanawyna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygy habar berýär.
13.11.2021
6186
«Şagadam» Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda öňdebaryjy bilen aratapawudy azaltdy
«Şagadamyň» futbolçylary Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda Türkmenbaşy şäherinde 5-nji tapgyryň soňa geçirilen oýnunda Marynyň «Energetik» toparyny – 3:0 hasabynda utup, öňde barýan «Ahal» bilen aratapawudy 3 utuga çenli azaltdy.