31.10.2021
8988
Stambulda türkmen režissýorynyň filmi görkeziler
Režissýor Wepa Işangulyýewiň «Nejep oglan» filmi 8 – 12-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek «Gorkut ata Bütindünýä türk film festiwaly» atly gözden geçirilişiň bäsleşik meýilnamasyna girizildi.
31.10.2021
6706
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleri hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine seredip geçdiler
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş sapary bilen bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
30.10.2021
7336
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ýyllyk maliýe meýilnamasynyň baş maksady halkymyzyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagydyr
30-njy oktýabr paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda taýýarlanylan möhüm kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
30.10.2021
9382
Sungat ýolundaky maşgala
Urşuň hasratlaryny gören nesliň parahat durmuşyň gadryny bilişi, zähmete yhlaslylygy bir başga. Nurýagdy Baýramow hem şol döwrüň ýetginjekleriniň biri. Onuň 1938-nji ýylyň 3-nji awgustynda dünýä inen we ýaşan obasyna «Bagşylar obasy» diýer ekenler. Bu adyň berilmeginiň sebäbi şol obada ökde gyjakçy Çary Gurbanow, Mylly Täçmyrat, Çary Ödek, Aýmämmet Aşyrow ýaly ençeme zehinli bagşylar önüp- ösüpdirler. Bu hem ýaşajyk Nurýagdynyň kalbynda turuwbaşdan aýdym – saz sungatyna bolan uly höwesi döredipdir.
30.10.2021
8831
Ýurdumyzyň fotohabarçylary halkara bäsleşigine çagyrylýar
Eziz Diýarymyzyň fotohabarçylary «News Photo Awards. A Changing World» halkara bäsleşigine çagyrylýar.
30.10.2021
5721
«Ahal» Türkmenistan-2021 futbol çempionatynda «Altyn Asyr» bilen ilkinji derbi oýunda ýeňiş gazandy
«Ahal» FT-yň oýunçylary şu aýda badalga alan Türkmenistanyň çempionatynda «Altyn Asyr» bilen ilkinji derbi oýunda ýeňiş gazandy. Milli birinjiligiň ikinji tapgyrynyň çäginde altyn medal ugrundaky çekeleşiginde esasy bäsdeşi bilen oýny köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirildi we ýurdumyzyň wise-çempionynyň ýeňşi bilen tamamlandy – 3:1.
30.10.2021
14237
Türkmen gök önümleri GDA-nyň bazarlarynda
Türkmenistanyň oba hojalyk öndürijileri şitilhana pomidorlarynyň eksportyny iki esse artdyrdy. Türkmen eksportçylarynyň önümleri Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Owganystanda üstünlikli ýerlenýär. Şitilhana pomidorlarynyň aglaba bölegi, 32 müň tonnadan gowragy Russiýa Federasiýasyna iberildi. Bu, Türkmenistana Russiýa Federasiýasynda şitilhana pomidorlaryny iň köp üpjün edijiler sanawynda 4-nji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.
30.10.2021
11928
Ýaş sanly ulgamynyň hünärmenleriň bäsleşigi
«Türkmenaragatnaşyk» gullugy tarapyndan geçirilýän «Digital Solution 2021» innowasion taslamalar bäsleşigine 250-den gowrak ýaş SU hünärmenleri gatnaşýar.
30.10.2021
8520
Türkmenistanyň we Tatarystanyň ýokary okuw jaýlaryň hyzmatdaşlygy berkeýär
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersiteti bilen Kazan döwlet agrar uniwersitetiniň (KDAU) arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ýokary okuw jaýlarynyň rektorlarynyň duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygy habar berýär.