21.10.2021
15181
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti olimpiadalaryň bäşisini geçirer
Şu ýylyň 15-nji noýabryndan 20-nji noýabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda onlaýn görnüşde türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin birbada bäş ders boýunça olimpiadalary guraýar.
21.10.2021
5257
Türkmen tennisçileri Bahreýnde Dewisiň Kubogynyň zolak ýaryşynda üçünji gezek ýeňiş gazandylar
Türkmen tennisçileri Isa-Town şäherinde (Bahreýn) geçýän Dewisiň Kubogy ugrunda zolak ýaryşynda bassyr üçünji gezek ýeňiş gazandylar. Ildeşlerimiz Yragyň we Mongoliýanyň ýygyndy toparlaryny birmeňzeş - 3:0 hasabynda utandan soň, jemleýji oýunda dünýä tennis görkezijisinde 118-nji orny eýeleýän Omanyň toparyndan hem şeýle hasap bilen üstün çykdylar.
20.10.2021
7004
Türkmen-russiýa ykdysady forumy
Şu gün sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi.
20.10.2021
11627
Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň hem-de üstaşyr polat ýollarynyň kuwwatyny artdyrýar
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýetli halkara forumlarda eden çykyşlary Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň kuwwatynyň barha artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
20.10.2021
5164
Türkmen tennisçileriniň üstünligi
Türkmen tennisçileri 12 toparyň gatnaşmagynda Isa Town (Bahreýn) şäherinde geçirilýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda Dewis Kubogynyň «playoff» tapgyryň oýunlaryna ýetdiler. Olar bu ajaýyp üstünligi ýaryşyň toparlaýyn tapgyry tamamlanmanka, bir tapgyr öňünden gazandylar.
20.10.2021
5055
Türkmenistanda futbol çempionaty badalga alýar
Şu gün paýtagtymyzda «Aşgabat» we «Altyn Asyr» toparlarynyň arasyndaky oýun bilen Türkmenistanyň 29-njy futbol çempionaty başlaýar.
20.10.2021
8253
Ýurdumyz pomidoryň Russiýa eksportyny iki esse artdyrdy
Eziz Diýarymyz ýyladyşhana ýetişdirilýän pomidorynyň Russiýa eksportyny iki esse artdyrdy. «East Fruit» maglumat seljeriş meýdançasynyň bilermenleriniň maglumatyna görä, 2021-nji ýylda Russiýa getirilýän ýyladyşhana pomidorynyň möçberiniň yzygiderli azalýan döwründe Türkmenistanyň bu bazara «girmegi» şu ýyl üçin hakyky täsinlik boldy.
20.10.2021
21830
Kakow Orazsähedow: «Japbaklaryň» režissýory
Onuň ömri her bir adamyň durmuşynda seýrek gabat gelýän, garaşylmadyk wakalardan, betbagtçylyklardan we komediýalardan doludy. Eýsem-de bolsa, her kim öz durmuşynda bolup geçýän zatlara kinaýaly ýylgyryş bilen garap, durmuşyň islendik ýagdaýyndan kinoda orun aljak hemişelik ýomak döredip bilmezdi.
20.10.2021
15063
Demir ýollar täzelenýär
«Türkmendemirýollary» AGPJ-niň ýol abatlaýyş toparlary demir ýoluň ýokarky bölegini düýpli abatlamak işini alyp barýarlar. Bamy-Bereket bekediniň çäginde könelen relsleri täzeler bilen çalyşmak işine girişildi. Bu ýerde ýakyn wagtlarda täze polat ýoluň ilkinji on kilometri çekiler. Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine barýan uly demirýol böleklerinde şu ýyl jemi elli kilometre golaý relsi çalyşmak meýilleşdirilýär.
20.10.2021
7370
Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyndan goranmak boýunça täze taslama
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň ÖM we Bütindünýä banky bilen bilelikde Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyndan goranmak boýunça täze taslamany işe girizmegi göz öňünde tutýar.