14.05.2024
4960
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri zenanlaryň Aziýa forumyna gatnaşýarlar
13-14-nji maýda Samarkantda «Zenanlaryň ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy hukuklaryny hem mümkinçiliklerini artdyrmak meselelerine sebitleýin çemeleşme» t
14.05.2024
4101
Wladimir Mkrtumow ýurdumyzyň sebitlerinde konsert berer
Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow üçin paýtagtymyzda geçiriljek konsertden öň ýurdumyzyň sebitlerinde çykyş etmegi asylly däbe öwrüldi. Ussadyň konserti 17-nji maýda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Frederik Şopeniň eserlerinden başlanar. Konserte giriş tölegsiz.
14.05.2024
7813
Köýtendagyň gowaklary öwrenilýär
Fransiýanyň Speleologiýa federasiýasynyň gowaklary öwrenijileriniň bir topary Daşary işler ministrliginiň we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýardam bermeginde ýigrimi günden gowrak wagt bäri Türkmenistanda boldy.
14.05.2024
7239
Türkmenistanyň Mejlisinde Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy T.Endonyň duşuşygy geçirildi.
14.05.2024
4757
Goşa mukaddesligiň hormatyna
Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan türkmen suratkeşleriniň suratlarynyň we heýkelleriniň sergisi geçirildi.
14.05.2024
5340
Daşoguz welaýatynda türkmen-amerikan kitap ýarmarkasy geçirildi
Akydar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýat kitaphanasynda türkmen-amerikan kitap ýarmarkasy geçirildi.
14.05.2024
6161
Balkan welaýatynda «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşik geçirildi
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýetip gelýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralýan dürli medeni çäreler giň gerime eýe bolýar.
13.05.2024
5991
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
13.05.2024
5556
Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
13.05.2024
19214
Gül nagyşlaryň sazy — keşde
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň goldamagynda keşde ussatlarynyň, gadymy nagyşlary aýawly saklaýanlaryň, hünärini kämilleşdirýän we oňa üýtgeşiklik girizýän, özboluşly usuly bolanlaryň bäsleşigi geçirildi.