23.03.2024
4402
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnogorsk şäherindäki «Krokus siti holl» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýaragly hüjüm we partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.
22.03.2024
4743
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Hytaý Halk Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň halkyna Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Şeýle-de pursatdan peýdalanyp, Hytaý Täze ýyly mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin.
22.03.2024
4142
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Sizi türki halklaryň gadymy baýramy — bahar paslynyň gelmegini hem-de tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
22.03.2024
3825
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
21.03.2024
4316
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
Türki halklaryň gadymy Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
21.03.2024
5299
Türkmenistanly hokkeýçiler Bişkekde geçirilen dünýä çempionatynyň soňky tapgyrynda Meksikanyň ýygyndy toparyny ýeňdi
Meksikanyň milli ýygyndysyndan 8:4 hasabynda üstün çykan türkmen hokkeýçileri 6 toparyň gatnaşmagynda Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilen «A» toparçanyň üçünji diwizionynda dünýä çempionatynda çykyşyny tamamladylar.
21.03.2024
6648
Rimde halkara guramalarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň Prezidenti Alwaro Lario bilen duşuşdy.
21.03.2024
4651
Ulag hyzmatdaşlygy türkmen-italýan gepleşikleriniň üns merkezinde
2024-nji ýylyň 20-nji martynda türkmen wekiliýetiniň Rime amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bilen wise-premýer, Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwininiň arasynda duşuşyk geçirildi.
21.03.2024
5570
Aşgabat we Rim medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy maksat edinýärler
2024-nji ýylyň 20-nji martynda türkmen wekiliýeti Rim şäher meriýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.