15.03.2024
5814
Ženewadaky halkara meýdançalarynda Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlary beýan edildi
2024-nji ýylyň 13-14-nji martynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde saparda boldy.
15.03.2024
8475
Söýgi hekaýasy ýaly hatlar
Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň topary, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň şol bir adyň eseri esasynda «Saňa ýetermi owazym?» söýgi dramasynyň üstünde işläp başlady.
15.03.2024
6278
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri Wladimir Leonowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
15.03.2024
3996
Türkmenistan we Özbegistan gümrük işgärlerini taýýarlamak pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işgärleri Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň gümrük institutynyň mugallymlary bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar.
14.03.2024
4446
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi.
14.03.2024
4923
Türkmenistanda Panama Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noaddan ynanç hatyny kabul etdi.
14.03.2024
5250
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn. Şunuň bilen baglylykda, Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize, doganlyk türkmen halkyna we tutuş musulman ymmatyna ösüş, rowaçlyk, parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk dileýärin.
14.03.2024
5319
Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligindäki duşuşyk
2024-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri jenap O.Nazarbekowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
14.03.2024
3994
Ýerewan şäherinde türkmen sazly konserti geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji martynda Ermenistanyň Döwlet filаrmoniýasynyň Arno Babajanýan adyndaky konsertler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
14.03.2024
5118
Ýerewan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen tanyşdyrylyş sapagy geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji martynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy «Türkmen edebiýatynda Magtymgulynyň orny» temasynda talyplarynyň öňünde umumy sapak berdi.