26.02.2024
9423
2024-nji ýylyň 3-5-nji marty aralygynda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Aşgabat şäherinde owgan harytlarynyň sergisini we Türkmen-owgan işewürlik maslahatyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Söwda-senagat edarasyna hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine 2024-nji ýylyň 3 — 5-nji marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisini we Türkmen-owgan işewürlik maslahatyny ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.
26.02.2024
5620
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Ilki bilen, ýurtlarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda iberen hatyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini Özbegistanda giňden bellemek baradaky Kararymyz babatda Siziň pikiriňiz meniň üçin örän gymmatlydyr.
26.02.2024
5578
Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçisiniň “British Library” kitaphanasyndaky duşuşygy
2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçisi Ý.Serýaýewiň Beýik Britaniýanyň “British Library” kitaphanasynyň Halkara aragatnaşyklar boýunça direktory Marsiýe Hopkins bilen iş duşuşygy geçirildi.
26.02.2024
6418
Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -3... -5 gradus sowukdan, -1... +1 gradus sowuk, gündizlerine 0... +2 gradusdan +9... +11 gradus aralygynda maýyl bolar.
26.02.2024
5582
Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk pudagynda iň oňat işgärler kesgitlener
Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagynda işleýän aýallaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» at bilen bäsleşik geçirilýär.
26.02.2024
12081
Ibn Sinanyň çaga terbiýesi hakynda kämil ýörelgesi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny gazanmak ugrunda ençeme beýleki işler bilen birlikde, geljegimiz bolan çagalaryň mynasyp terbiýesiniň we edep-ekramynyň gazanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
26.02.2024
6047
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katara sapary
2024-nji ýylyň 25-28-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Katar Döwletiniň Doha şäherine iş saparyny amala aşyrýar.
26.02.2024
6287
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 16 million dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
26.02.2024
5008
Bilermenler Türkmenistanyň Tokaý kodeksine düzedişler girizmek boýunça maslahat geçirerler
FAO-GEF taslamasynyň «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň guraklyk çekýän we şorlaşýan ýerlerinde tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak» (CACILM-2) taslamasynyň sebitleýin ýolbaşçylygynyň wekiliýeti Türkmenistana geldi.
26.02.2024
13422
«Iň gowy gyzlar gurnagy» bäsleşigine onlaýn-ses bermek yglan edildi
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň guramagynda Aşgabat şäherindäki jemgyýetçilik guramalary merkezinde «Iň gowy gyzlar gurnagy» bäsleşigi geçirildi.