25.10.2023
8919
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahat we sergi
Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.
25.10.2023
5519
Lebap welaýatynda geçirilen okuw-maslahatda daşary söwdany ösdürmekde gümrük gullugynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň guramagynda Lebap welaýatyň gümrük gullugynda «Döwrebap gümrük syýasaty – kuwwatly daşary söwdanyň kepili» atly pudagara okuw-maslahaty geçirildi.
25.10.2023
7771
Türkmenistan – ABŞ: medeni gatnaşyklar täze derejä çykýar
24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Medeniýet günleri dowam etdi.
25.10.2023
6004
Balkanly nebitçileriň maşgalalary täze jaýlaryň eýeleri boldular
Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Günbatar sebitdäki edara-kärhanalarynyň nebitçileri üçin her biri 16 maşgala niýetlenen, iki gatly, iki sany täze ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Ýaşaýyş jaýlary 2, 3 we 4 otaglardan ybarat bolup, olarda ýaşaýyş üçin hemme amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Ajaýyp zamanamyzda döwrebap gurlan iki gatly bu täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslendi.
25.10.2023
6849
Gurluşyk pudagy üçin önümler öndürilýär
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy «Galkynan ykbal» hususy kärhanasy ýurdumyzyň demirgazygynda gurluşyk pudagy üçin önümleri öndürýär. Häzirki wagtda bu ýerde diwarlaryň daşky we içki bezegi, şeýle hem kafel kleýi üçin suw esasly boýagyň birnäçe görnüşi öndürilýär.
25.10.2023
5980
Gündogar sebitde sarymsak we sogan ekinlerine ideg etmek işlerine girişildi
Türkmen topragy keremli hem-de bereketli toprak. Bu ýerde bitýän gök-bakja hem-de miwe önümleri özüniň tagamlylygy, ýokumlylygy, şonuň bilen birlikde hem bejerijilik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Şeýle ösümlikleriň biri hem halk lukmançylygynda giňden ulanylýan, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda ady tutulýan we melhemlik häsiýetleri doly açylyp görkezilýän sarymsakdyr.
25.10.2023
7764
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Žurnalyň nobatdaky sany Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana iş saparyna bagyşlanan makala bilen açylýar.
25.10.2023
5739
Aşgabatda Koreý medeniýetiniň hepdeligi geçiriler
Aşgabadyň ýaşaýjylary we türkmen paýtagtynyň myhmanlary 3–5-nji noýabr aralygynda geçiriljek konsertlere, filmleriniň görkezilişine gatnaşyp, Koreýa Respublikasynyň medeniýeti hem-de dili bilen ýakyndan tanşyp bilerler.
25.10.2023
5380
Türkmenistanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň işiniň modelini taýýarladylar
Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň işiniň modeli taýýarlandy.