13.10.2023
6590
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sadaka gatnaşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sadaka berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň tutumly gurluşyklarynyň başlanmagyna ak pata bermäge, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyzy ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleriň okalmagyna, şeýle hem Owganystanda ýakynda bolup geçen ýertitremede wepat bolanlary hatyralamaga bagyşlandy.
13.10.2023
8934
«Arkadagyň säheri» halkara film festiwalynyň myhmanlary Aşgabat şäherine gelýär
14-nji we 15-nji oktýabrda täze Arkadag şäherinde ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» halkara film festiwaly geçiriler. Bu uly çärä gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlar we tanymal kino işgärleri paýtagtymyza gelip başladylar.
13.10.2023
6270
Aşgabatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanyndaky işgärleriň gender taýdan deňhukuklyk meseleleri boýunça mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin okuw maslahaty başlandy
9-njy oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynda gender deňligi we reproduktiw saglyk meseleleri barada habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty başlandy.
13.10.2023
8270
Türkmenistanly talyplar maliýe howpsuzlygy boýunça III Halkara olimpiadasynyň ýeňijileri boldular
Oktýabr aýynyň ilkinji ongünlüginde Russiýanyň Soçi şäherindäki Siriusyň federal çäginde geçirilen maliýe howpsuzlygy boýunça III Halkara olimpiadasynda Türkmenistandan üç talyp baýrak aldy.
13.10.2023
8172
Türkmenistan 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy goldaýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilýän GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Türkmenistanyň goldaýandygyny habar berdi.
13.10.2023
5607
Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlygyň GDA üçin ileri tutulýan ugurdygyny aýtdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde eden çykyşynda GDA üçin ykdysadyýetde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrudygyny aýtdy.
13.10.2023
6217
GDA döwletleri Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahata çagyryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahatyň birinji mejlisine çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Bişkekde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde aýtdy.
13.10.2023
4683
Türkmenistanyň Prezidenti Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde agzalan Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady. Bu barada döwlet Baştutanymyz Bişkekde geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde belläp geçdi.
13.10.2023
4645
Türkmenistanyň Prezidenti Bişkekde GDA-nyň Sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkege iş saparynyň barşynda ýokary derejedäki kiçi düzümdäki duşuşyk bilen başlanan GDA agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşýar.
13.10.2023
5639
Bişkekde Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Bişkege iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.