mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

14.03.2023

total-veiw

5430

Kämil tehnologiýalar, ýokary netijeler

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemeklige niýetlenen, häzirkizaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen fabrikleriň ençemesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.

news-photo

14.03.2023

total-veiw

8675

Bilimiň hukuk binýady

Berkarar döwletiň täze eýyamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuknamalar toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Bu hukuknamalaryň raýatlarymyzyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek, goramak hem-de bilim ulgamynyň üznüksiz işlemegi, ösmegi üçin hukuk kepilliklerini döretmek ýaly esasy wezipeleri bardyr.

news-photo

14.03.2023

total-veiw

7998

Ispaniýa Patyşlygynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler

Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda ýudumyzda we daşary ýurt döwletlerinde çäreler geçirilýär. 

news-photo

13.03.2023

total-veiw

4374

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

13.03.2023

total-veiw

6687

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi

Ýurdumyzyň maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2023-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

13.03.2023

total-veiw

6431

Türkmenistan ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwer kömegini iberer

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, 2023-nji ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

news-photo

13.03.2023

total-veiw

5658

Saýlaw möwsümi işjeň tapgyra gadam basýar

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk görmek işi dowam edýär. 

news-photo

13.03.2023

total-veiw

5620

Türkmen dzýudoçysy Italiýada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medal gazandy

Rimde (Italiýa) tamamlanan Ýewropanyň açyk çempionatynda türkmen dzýudoçysy Serdar Rahymow kümüş medala mynasyp boldy.

news-photo

13.03.2023

total-veiw

4182

Ýurdumyzda hepdäniň dowamynda nähili howa bolar?

Türkmenistanyň çäginde durnuksyz howa şertlerine garaşylýar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýaz ýagşy ýagar diýlip çaklanylýar. Howanyň ortaça temperaturasy +30 gradus bolar.

news-photo

13.03.2023

total-veiw

6833

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

...3280