30.06.2022
11375
Awazada gämili gezelenç we kiçi gämileriň muzeýi
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy myhmanlaryna köp sanly güýmenje hyzmatyny: attraksionly seýil baglaryny, welotrekleri, aýdym aýdýan çüwdürimleri, akwaparklary, ýaht-klublary we başga-da köp zatlary teklip edýär. Tomus dynç alşynda baryp boljak gyzykly ýerleriň arasynda ‒ muzeýiň «Gämiler dünýäsi» atly sergi otagy-da bar.
29.06.2022
12518
Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi.
29.06.2022
3861
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň altynjy Hazar sammitindäki Çykyşy
Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentlerini Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekleýärin. Size Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Muny Hazarda biziň maksatlarymyzyň umumydygynyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygymyzyň tassyknamasy hökmünde kabul edýäris.
29.06.2022
4973
Altynjy Hazar sammitiniň Beýanaty
2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi, oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdylar.
29.06.2022
6015
Türkmen halkynyň Arkadagynyň hormatyna baýramçylyk konserti
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.
29.06.2022
6876
Türkmen paýtagtynda altynjy Hazar sammiti geçirildi
Türkmen paýtagtynda altynjy Hazar Sammiti geçirildi. Sammite Hazar «bäşliginiň» döwlet Baştutanlary ‒ Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdylar.
29.06.2022
4309
Türkmen paýtagtynda altynjy Hazar sammiti öz işine başlady
Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti öz işine başlady. Sammite gatnaşmak üçin Hazar «bäşliginiň» döwlet Baştutanlary Aşgabada geldiler.
29.06.2022
4574
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň duşuşygy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
29.06.2022
3491
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
29.06.2022
4339
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.