27.04.2022
38811
Gadyr gijesi – nur gijesi
Her ýyl bollşy ýaly mukaddes Remezan aýynyň sahawata baý Gadyr gijesi bu ýyl hem eziz Diýarymyza özüniň kerem-keramaty bilen gelýär.
27.04.2022
6147
«Ahal» taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandy
«Ahalyň» futbolçylary Türkmenistandan, Eýrandan, Katardan we Birleşen Arap Emirliklerinden dört toparyň gatnaşmagynda Jiddada (Saud Arabystany) geçirilýän iki aýlawly ýaryşda Kataryň «Al-Garafany» utup, taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandylar.
27.04.2022
8185
Dabaraly maslahat geçirildi
2022-nji ýylyň aprel aýynyň 27-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine Halkara güwanamanyň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
26.04.2022
9447
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi tämizligi we päkligi, ynsanperwerligi, haýry hem-de sahawatlylygy dabaralandyrýan mübärek Gadyr gijesi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da, däp bolşy ýaly, keremli Oraza aýynyň sahawatly we bereketli Gadyr gijesiniň her bir maşgala ojaklarynda gadymy dessurlarymyza, milli ýörelgelerimize laýyklykda, ajaýyp umyt-arzuwlar bilen garşy alnyp, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrjakdygyna, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň hatyrasyna täze belent sepgitlere ruhlandyrjakdygyna pugta ynanýaryn.
26.04.2022
7493
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
26.04.2022
6171
Türkmenistanyň Prezidenti Niderlandlaryň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra Niderlandlaryň milli baýramy — Patyşanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.
26.04.2022
4691
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi.
26.04.2022
6516
Gazagystanyň Ilçisiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi
2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistana täze belenen Ilçisi Askar Tažibaýew bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
26.04.2022
8792
Latyn Amerikasy ýurtlarynyň saz älemine syýahat
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde baş dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti Jorj Grişwiniň «Kuba uwertýurasy» bilen açyldy.
26.04.2022
9571
Türkmen kompaniýasy “Megafil” süzgüçleriniň täze görnüşlerini öndürmäge başladylar
“Mekanara Gatnawy” hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Änew şäherinde “Megafil” haryt nyşanly süzgüçleri öndürýär. 2020-nji ýylda önümçiligini ýola goýan bu kärhana Türkiýäniň, Hytaýyň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýeňil we ýük awtoulaglaryna, gurluşyk tehnikalaryna niýetlenilen ýag, howa süzgüçleriniň dürli görnüşleri öndürilýär.