29.03.2022
6535
Nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady.
29.03.2022
4454
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatlar
Sizi Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanmagyňyz hem-de wezipä girişmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
29.03.2022
5845
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing
2022-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly rezolýusiýanyň kabul edilmegine hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi.
29.03.2022
8052
Pile öndürmäge şertnama baglaşylýar
Daşoguz welaýatynda pileçiler bilen pile öndürmäge şertnama baglaşylýar. Şu ýyl jogapkärli işe on iki müň bäş ýüzden gowrak kärendeçiniň gatnaşmagy çak edilýär.
29.03.2022
8696
Medeniýet institutynyň talyplary synagy üstünlikli tabşyrdylar
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorlyk we režisýorlyk fakultetleriniň bäşinji ýyl talyplary Magtymguly Myşşyýewiň pýesasy boýunça Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda goýlan «Ene» diplom spektaklynda hakyky aktýorlar kimin çykyş etdiler.
29.03.2022
5536
Bol hasylyň aladasy baharda başlanýar
Mähriban Diýarymyzyň obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmak, olaryň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak, netijede azyk bolçulygyny üpjün etmek döwletimiziň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir.
28.03.2022
6919
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin.
28.03.2022
7946
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy.
28.03.2022
11828
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Huanşan şäherinde gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygyna we “Owganystanyň goňşy ýurtlary + Owganystan” dialogynyň işine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 29 — 31-nji marty aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Huanşan şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
28.03.2022
6886
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär
2022-nji ýylyň 28-nji martynda «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň we Demirýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.