23.03.2022
7533
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Yslamabatda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
2022-nji ýylyň 22-nji martynda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
23.03.2022
5084
Türkmenistan YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji mejlisine gatnaşdy
2022-nji ýylyň 22-23-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň, Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (DIMG) sişenbe güni Yslamabatdaky parlament binasynda işe başlan 48-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Pakistanda saparda bolýar.
23.03.2022
9437
«Lukman gyz» Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda
Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda režissýor Bilbil Mämmedowyň Täçmyrat Repbimowyň pýesasy esasynda goýan aýdym-sazly «Lukman gyz» komediýasynyň taýynlyk görkezilişi bolup geçýär.
23.03.2022
29079
Oba hojalygy üçin täze tehnikalar we tehnologiýalar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda çykyşynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridigini nygtady.
23.03.2022
7732
«Ýylyň mugallymy — 2022» we «Ýylyň tebiýeçisi — 2022» atly bäsleşikleriniň şäher tapgyrlary geçirildi
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň bilelikde guramagynda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdepde «Ýylyň mugallymy — 2022» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi.
22.03.2022
6158
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň günorta sebitinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
22.03.2022
7205
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
Merkezi Aziýadan Balkan ýurtlaryna çenli ruhubelentlik ýagdaýynda bellenilýän baharyň buşlukçysy Nowruz biziň umumy gymmatlyklarymyzyň we däp-dessurlarymyzyň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.
22.03.2022
8590
Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat
Howaşynaslaryň deslapky çaklamalaryna görä, Türkmenistanda birnäçe günläp salkyn we bulutly howa bolar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýagyş ýagmagy mümkin. Welaýatlarda howanyň iň ýokary temperaturasy +25°C-ä ýeter.
21.03.2022
153253
Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
Şu gün halkymyz Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrdy.
21.03.2022
6475
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Belarus halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz bilen gutlaýaryn.