19.03.2022
10717
Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara
Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi.
19.03.2022
17796
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşy
Ilki bilen, şu belent münberden size we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna ählihalk saýlawlarynda maňa bildiren ynamyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bu saýlawlaryň netijesinde men Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandym.
19.03.2022
5958
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby, Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
19.03.2022
13376
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 92-nji maddasyna hem-de “Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň degişli düzümde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň öňünde öz ygtyýarlyklaryny tabşyrmagy kabul edildi. Ygtyýarlyklaryny tabşyran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary Ministrler Kabinetiniň täze düzümi düzülýänçä, öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etmäge borçly edildi.
19.03.2022
3152
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatlar
Hindistanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanda 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz bilen gutlaýaryn.
19.03.2022
5372
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti gibrid formatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy.
19.03.2022
6810
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi we BMGÖM Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdi
Döwlet dolandyryşyny sanly ulgama geçirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragataşyk» agentligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.
19.03.2022
12702
Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýubileýi mynasybetli konsert geçiriler
23-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň guramagynda Türkmenistanyň halk artisti, Hormatly il ýaşulusy Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli ýubileý konserti geçiriler.
19.03.2022
8481
«Açyk gapylar» günleri geçiriler
Ýene bir-iki aýdan orta mekdepleriň uçurymlary üçin soňky jaň kakylar. Onsoň ýaşlar geljekki durmuş ýoluny saýlamaly bolarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilimini dowam etmek isleg bildirýänlere zerur maglumatlar berilýär. Hususan-da, ýaşlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geljekki dalaşgärler üçin «Açyk gapylar» günlerinde özüni gyzyklandyrýan sowallara jogap alyp bilerler.
19.03.2022
5745
Meýletinçiler üçin okuw onlaýn-seminarlar tapgyry çäklerindäki duşuşyk
Ýurdumyzyň meýletinçiler hereketiniň wekilleri we oňa gatnaşmak isleýän talyplar üçin nobatdaky duşuşyk okuw seminarlary tapgyrlaýyn dowam etdi.