03.03.2022
3548
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary
Ýurdumyzyň raýatlarynyň öz konstitusion hukuklaryny peýdalanyp, saýlaw uçastoklaryna gelmeli we döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgärleriň dokuzysyndan birine seslerini bermeli pursadyna çenli az wagt galdy. Bu saýlawlaryň netijesi Watanymyzyň geljekki ykbalyny we onuň häzirki döwürdäki ösüşini kesgitlär.
03.03.2022
14548
Türkmenistanda 2022-2027-nji ýyllarda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Konsepsiýa işlenilip taýýarlanylar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşykda öz maksatnamalaýyn çykyşynda Türkmenistanda 2022-2027-nji ýyllarda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Konsepsiýanyň işlenilip taýýarlanmagynyň we kabul edilmeginiň maksadalaýyklygyny aýtdy.
03.03.2022
5882
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
03.03.2022
31978
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini ýurduň milli baýramy — Azatlyk güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe hem-de ýurduň ähli halkyna Bolgariýa Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
02.03.2022
3640
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi.
02.03.2022
2710
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary
Şu gün Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan dalaşgär — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.
02.03.2022
3984
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy
Şu gün Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.
02.03.2022
12164
Aşgabatda tälimçileri taýýarlamak boýunça AFK okuwy başlandy
Aşgabatda Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň tälimçileri taýýarlamak boýunça okuwy başlandy.
02.03.2022
9363
«Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry ýeňijileri kesgitledi
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda her ýyl geçirilýän «Ýylyň zenany» bäsleşigniň jemi jemlenildi.
02.03.2022
4769
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Gutterişe hat ýollady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe hat ýollady.