21.02.2022
3901
Türkmenistanda bulutly, maýyl howa bolmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, hepdäniň başynda ýurdumyzda esasan ümürli we ýagyşly howa bolar. Howa her gün ortaça bir-iki gradus maýlar. Dynç alyş günleri howa +25 gradusa çenli maýlar.
21.02.2022
6729
Türkmenistanyň DIM-de HHR-niň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Şu gün, 21-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
21.02.2022
6329
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäresi
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezinde Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
21.02.2022
8229
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 96 million 537 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.
21.02.2022
9834
Türkmenistanyň paralimpiýa oýunlaryň türgenleri 2022-nji ýylda Hançžouda geçiriljek Aziýa paralimpiýa oýunlaryna çagyryldy
Türkmenistanly paralimpiýaçylar 2022-nji ýylyň 9 – 15-nji oktýabry aralygynda Hytaý Honçžounda geçriljek IV Aziýa paralimpiýa oýunlaryna gatnaşarlar. Bu oýunlaryň Guramaçylyk komitetinden Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komiteitne (TMPK) degişli resmi çakylyk gelip gowuşdy.
20.02.2022
7919
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulagynda Garagum sährasyna gezelenji amala aşyrdy
Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň giňişliklerinde sport ulagynda menzil aşdy.
19.02.2022
7051
Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
19.02.2022
15827
Döwlet Baştutanymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
19.02.2022
8133
Seýilgäh gözel görke eýe bolar
Paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjegindäki Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töweregini abadanlaşdyrmak işlerini «Dost gurluşyk, söwda önümçilik» hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Gurluşykçylar eýýäm seýilgähi abadanlaşdyrmak işine başladylar.
19.02.2022
11706
«Talyp gözeli – 2022» gözellik bäsleşigi geçiriler
Ýetip gelýän Halkara Zenanlar güni mynasybetli, ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ýurdumyzyň Aýallar Bileleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan gurnalan «Talyp gözeli – 2022» gözellik bäsleşigi geçirilýär.