28.01.2022
7274
2022-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawy tassyklanyldy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary has-da ösdürmek, ylmyň gazananlaryny, innowasion tilsimatlary önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysady pudaklara maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
28.01.2022
6499
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi yglan edildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy öwrenmek hem-de wagyz etmek, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli, türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigi yglan edildi we ony 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek bellenildi.
28.01.2022
6643
Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasy tassyklanyldy
“Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen Türkmenistanyň wodorod energetikasy pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlaryň we çäreler toplumynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasy tassyklanyldy. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Ýol kartasynda bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
28.01.2022
7785
Awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň, ýapylmagynyň Tertibi tassyklanyldy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýolagçylaryň umumy peýdalanylýan awtobuslaryň hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň we ýapylmagynyň tertibini talabalaýyk düzgünleşdirmek maksady bilen, şeýle hem “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň, ýapylmagynyň Tertibi tassyklanyldy.
28.01.2022
5046
Daşary işler ministriniň orunbasary Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmek maksady bilen, Pakistan Yslam Respublikasynyň degişli ýolbaşçy we tehniki hünärmenler derejesinde taslamalar boýunça toplumlaýyn gepleşikleri geçirmek üçin, 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwary — 4-nji fewraly aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
28.01.2022
6833
Türkmen-Rumyn Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi
2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi.
28.01.2022
5801
Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi.
28.01.2022
6516
Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagy hakyndaky ylalaşygyň işlenilip taýýarlanylmagy hem-de ylalaşylmagy boýunça bilelikdäki iş toparynyň duşuşygy geçirildi
27-nji ýanwarda «Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça Bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy habar berýär.
28.01.2022
8351
Türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşyldy
2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy habar berýär.
28.01.2022
11177
Saýlama tohumlar – ýokary hasylyň girewi
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň М.Hojamammedow geňeşliginde ýerleşýän şaly arassalaýan kärhananyň hünärmenleri welaýatyň şaly ekýän hojalyklary üçin ýokary hilli tohum taýýarlamaga girişdiler.