19.01.2022
8803
Kyrk ýyldan soň: Wladislaw Bahrewskiý – Magtymguly hakynda powestiň awtory
Russiýanyň ýazyjylar birleşginiň agzasy, rus edebiýatyny ösdürmäge goşandy üçin Puşkin adyndaky baýraga mynasyp bolan Wladislaw Anatolýewiç Bahrewskiniň adyny ýurdumyzyň okyjylary gowy bilýärler. Ol taryhy romanlaryň birnäçesiniň we çagalar üçin kitaplaryň awtory, şeýle hem terjimeçi hökmünde dürli ýaşdaky okyjylaryň söýgüsini gazandy.
19.01.2022
10216
Mollagara – şypaly suwly köli
«Mir24.tv» saýtynyň habar bermegine görä, «MIR 24»-iň habarçysy Sergeý Polýakow belli «Mollagara» şypahansyna.
18.01.2022
7449
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.
18.01.2022
14618
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek hakynda
18.01.2022
9065
«Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň meseleleri hakyndaky» Karary
“Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda çykaran 1160-njy Kararyny ýerine ýetirmek, şeýle hem bu merkeziň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, buýrujylar bolan degişli edaralara, kärhanalara we guramalara:
18.01.2022
8330
«Türkmen atlary» döwlet birleşigine pul serişdelerini bölüp bermek bellenildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň atçylyk toplumlaryny döwrebaplaşdyrmaga, atlaryň saklanyş şertlerini we tohumçylyk işini has-da kämilleşdirmäge, atçylyk sportuny we seýisçilik sungatyny ösdürmäge hem-de atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga “Türkmen atlary” döwlet birleşigine pul serişdelerini bölüp bermek bellenildi.
18.01.2022
5092
Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Özbegistana sapary amala aşyrdy
2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
18.01.2022
7478
Hususy öndürijilere ekiş ýerleri
Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda oba hojalygyna hususy pudagy barha işjeň ornaşýar. Şol sanda, sebitde oba hojalygyna ýardamçy hökmünde döredilen ýörite ýer gaznasynyň kömegi bilen, ýer bölekleri döwlet buýurmasyna girizilen bugdaý, pagta we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin bellenilen tertipde hususy öndürijilere bölünip berilýär.
18.01.2022
10151
Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyla çenli ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistan Hökümeti bilen FAO-nyň arasynda geçen aý gol çekilen 2021 –2025-nji ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy bilen hyzmatdaşlygynda möhüm döwri açdy. FAO Türkmenistanyň milli zerurlyklary kanagatlandyrmak we global kynçylyklara garşy durmak üçin, oba hojalygyny özgertmek we güýçlendirmek işine ygrarlydygyny bellemek bilen, ýurda bu işde kömek bermäge taýýardygyny bildirýär.
18.01.2022
9170
«Altyn asyryň» we «Köpetdagyň» garşydaşlary belli boldy
Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Malaýziýadaky merkezinde geçirilen bije çekişliginde AFK-2022 Kubogynda türkmen toparlarynyň garşydaşlary kesgitlendi.