12.01.2022
11582
«Röwşen» HK eksporty artdyrýar we ýyladyşhana gurýar
«Röwşen» hususy kärhanasy geçen ýylyň ahyrynda we şu ýylyň başynda Russiýa Federasiýasynyň welaýatlaryna gönden tikilen erkek aýakgaplarynyň birnäçe tapgyryny ugratdy. Ol ýere eýýäm aýakgaplaryň ýigrimi müňden gowrak jübüti iberildi.
12.01.2022
9788
«Sekiz aşyk zenan» sahnada
A.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Sekiz aşyk zenan» atly spektaklyň täze nusgasy görkezildi.
12.01.2022
6996
Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
11-nji ýanwarda Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary onlaýn duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
12.01.2022
8956
GDA-nyň wekilleri 2022-nji ýyl meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar
GDA agza ýurtlaryň Arkalaşygyň esasy we beýleki edaralaryndaky hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşi, özüniň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geçirer. Oňa Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew gatnaşar.
12.01.2022
10476
2021-nji ýyl türkmen seýsmologlary üçin iň möhüm halkara başlangyçlaryň ýyly boldy
Geçen, 2021-nji ýyl Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň alymlarynyň we inženerleriniň zähmeti bilen baglanyşykly birnäçe möhüm wakalar bilen bellendi.
12.01.2022
5804
Ildeşlerimiz Merkezi Aziýada gender deňligi boýunça okuwa gatnaşmaga çagyrylýar
Ýurdumyzyň wekilleri Merkezi Aziýada gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak (GEWE) babatynda öz bilimlerini artdyrmak boýunça okuwlara gatnaşmaga çagyrylýar.
12.01.2022
10623
Et öndürmekde ýetilen sepgitler
Lebap welaýatynyň telekeçileri tamamlanan 2021-nji ýylyň dowamynda 323 tonnadan gowrak et öndürdiler. Bu görkeziji ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende iki esseden artyk bolup, 164 tonna ýakyn etiň köp öndürilendigini görkezýär.
11.01.2022
6511
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýldy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
11.01.2022
14503
Türkmenistan — ÝUNESKO: milletiň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlyk
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda Garaşsyz döwletimizde medeniýetiň, edebiýatyňdyr sungatyň gülläp ösmegi üçin hem ähli şertleriň döredilýändigini, milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, olaryň öz ajaýyp miwelerini berýändigini belläp, ýaňy-ýakynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi mynasybetli ýurdumyzyň ähli halkyny tüýs ýürekden gutlady.
11.01.2022
15259
Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynda şanly seneler
2022-nji ýylda Türkmensitanyň dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýanyna 30 ýyl dolýar, ol garaşsyz döwlet hökmünde onuň halkara (hukuk subýekti) derejesinde ykrar edilmegidi. Diplomatik gatnaşyklar özygtyýarly döwletler we halkara hukugynyň beýleki subýektleri bilen resmi gatnaşyklary amala aşyrmagyň esasy görnüşi bolup hyzmat edýär.