10.01.2022
5644
Türkmenistanda bulutly we ýagyşly howa garaşylýar
Türkmenistanda şu hepde bulutly we ýagyşly howa bolar. Her welaýatda dürli depginde sowuk ýagyn ýagar, howa ortaça gündizlerine +17 bolar.
10.01.2022
5283
Eýranyň milli telewideniýesinde «Doganlyk döwlete syýahat» atly täze film görkezildi
Ýakynda Eýranyň IRIB TV3 milli teleýaýlymy YHG-e (Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna) agza-döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçen sammitine we oňa Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň ýolbaşçylygyndaky Eýran wekiliýetiniň gatnaşmagyna bagyşlanan «Doganlyk döwlete syýahat» («سفر به سرزمین خویشاوند») atly täze filmi ilkinji gezek görkezdi.
09.01.2022
6239
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 8-9-njy ýanwarda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen duşuşyklar geçirildi.
08.01.2022
7069
Eziz Diýarymyzda Parižde geçiriljek Olimpiýa hem-de Paralimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparlary taýýarlamak boýunça maksatnamany göz öňünde tutulýar
2024-nji ýylda Parižde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň bu halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy, milli ýygyndy toparlary toplumlaýyn esasda taýýarlamak boýunça maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
08.01.2022
29349
Kömelek ösdürilip ýetişdirilýär
Ýyladyşhanalary gurmak, olaryň ýylyň dowamynda netijeli işlemeklerini gazanmak baradaky döwletli tagallalar tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem özüniň mynasyp çözgüdini tapýar.
08.01.2022
13976
Seljuklar döwrüniň ajaýyp binasy
XII asyr türkmen binagärliginiň özboluşly ýadygärliginjiň biri Sotan Sanjaryň aramgähidir. Seljuklar neberesiniň iň soňky hökümdary Soltan Muiz ud-Din Abul-Haris Ahmad Sanjar ibn Mälik şa I döwlet başyndaka Merw şäheri seljuklar imperiýasynyň paýtagty bolýar.
08.01.2022
11924
Derde derman melhemler
Derde derman melhemleri taýýarlamakda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli kärhanalarynda mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň biri hem welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanasydyr.
07.01.2022
17909
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygyna berk käýinç yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hudaýgulyýew Hajymyrat Şihmyradowiçe berk käýinç yglan edildi.
07.01.2022
9109
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirmek üçin Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
07.01.2022
9290
Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy
«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de «Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1771-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.