09.11.2021
11641
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26-ýyllygy mynasybetli döredijilik olimpiadasy geçirilýär
Şu ýylyň 20-nji noýabryndan 6-njy dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagy bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli döredijilik olimpiadasyny geçirer.
09.11.2021
14058
Botanika bagynyň göze ýakymly güýz lybasy
Botanika bagy ýylyň ähli paslynda-da owadan. Güýzde-hä ol hasam ajaýyp. Ýaşlaryň bu jenneti künjekde surata düşmäge gelmegi hem tötänden däldir. Bu bagyň meşhurlygynda biziň gazetimiziň hem paýy az däl. Biz botanika bagy barada ýygy-ýygydan ýazýarys.
08.11.2021
7126
Pagta ýygymynyň öňdebaryjylary
«Ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdiren edermen daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda pagta taýýarlamak baradaky öňde goýan beýik maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barha ýakynlaşmagyny şertlendirýär. Şu günler bu wajyp möwsüm tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Ahal, Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynyň pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary öňdebaryjylaryň zähmet depginleriniň ýokarydygyny äşgär edýär.
08.11.2021
8560
Türkmenistanda şu hepdäniň howasy barada
8-nji noýabrdan 14-nji noýabr aralygynda güneşli, ýöne sowuk howa bolmagyna garaşylýar.
08.11.2021
3847
Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar
BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça onlaýn okuwy gurady. Çäre «Russiýaly bilermenler halkara ösüşi üçin» maksatnamasynyň bir bölegidir.
08.11.2021
10082
Aýna önümleriniň eksporty artýar
Ýurdumyzyň aýna senagatynyň iri «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasy Ukraina aýnanyň birinji tapgyryny ugratdy. Türkmen aýna çykaryjylarynyň önüm eksport edýän ýurtlarynyň sany barha artýar. Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly ýurtlar bilen uzak möhletleýin söwda gatnaşyklary ýola goýuldy. Şu ýylyň 9 aýynda ýurduň daşyna 700 müň inedördül metrden gowrak aýna ugradyldy. Munuň özi tutuş geçen ýyldakydan-da has köpdür.
08.11.2021
5125
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy.
08.11.2021
16942
Hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklary türkmen halkynyň milliliginde
Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklary şekillendiriş sungatynda» atly sergi-bäsleşigiň jemi jemlendi, oňa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary gatnaşdylar. Hoşmeýilli goňşuçylyk türkmeniň ganynda bar. Ýöne ýerden «Uzakdaky dogandan ýakyndaky goňşy ýagşy» diýilmeýär. Hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklary ýurduň daşary syýasatynyňam esasy ugry boldy. Ýaş nakgaşlar bu barada sungat dili bilen gürrüň berýärler.
07.11.2021
7144
Milli Liderimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu ägirt uly maksatnamany amala aşyrmaga halkymyz işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň amatly mümkinçiliklerini döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn üns berýär.
07.11.2021
10954
2021-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistanyň JIÖ-iň ösüş depgini 6,2 göterime barabar boldy
2021-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime barabar boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow şu ýylyň 10 aýynyň netijeleri boýunça sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.