03.05.2024
5305
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Brýusselde geçirilen maslahata gatnaşdy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň Ýewropa sebitiniň gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdy.
03.05.2024
5634
Maryda geçen maslahat Magtymguly Pyragynyň paýhas dünýäsi barada boldy
2-nji maýda Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň paýhasly dünýäsi» atly ylmy we amaly maslahat geçirdi. Çäre Mary welaýatynyň «Bagt köşgünde» geçirildi. Onda giriş sözi bilen mekdebiň müdiri Maral Annagulyýewa çykyş etdi.
03.05.2024
6497
Balkanabatdaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Türkmen halysy – milli buýsanjymyz» atly sergi-bäsleşigi geçirildi
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmen halysy – milli buýsanjymyz» atly haly we haly önümleriniň sergi-bäsleşiginiň welaýat tapgyrlary dowam edýär.
03.05.2024
4718
Ahal welaýatynda «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy» atly kitap sergisi guraldy
Ahal welaýatynyň kitaphanasynda Gündogaryň akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy» atly kitap sergisi guraldy.
02.05.2024
9416
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
02.05.2024
3827
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
02.05.2024
5929
Türkmenistan — BMG: ilat we ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk
Şu ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy.
02.05.2024
7743
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty düzme ýazmak boýunça halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň orny» diýen temada düzme ýazmak boýunça halkara bäsleşigiň netijelerini yglan etdi.
02.05.2024
5085
Dünýä gözelliginiň kämil röwüşleri»: suratkeş Kämil Weliahmedowyň sergisi
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy şekillendiriş sungatynyň muşdaklaryny türkmen tebigatynyň täsin künjeklerine bagyşlanan suratlar sergisi bilen begendirdi. Bu gezek «Dünýä gözelliginiň kämil röwüşleri» sergisiniň awtory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri tanymal suratkeş Kämil Weliahmedow boldy.
02.05.2024
6123
Tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy
Paýtagtymyzda şu gün badalga alan tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatyna Aşgabatdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan 150 töweregi ýaş türgen ýygnandy.