19.02.2024
6352
Pariž şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi.
19.02.2024
5281
Esengulynyň çeper elli halyçylary ýokary ösüşleri gazanýarlar
Asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan, halkymyzyň gadymdan gelýän milli senedi bolan halyçylygy ösdürmäge döwletimiz tarapyndan hemişe aýratyn üns berilýär.
19.02.2024
6258
Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine -8... -10 gradus sowukdan, -1... +1 gradus aralygynda, gündizlerine -1... -3 gradusdan +7... +9 gradus aralygynda maýyl bolar.
19.02.2024
4125
Italiýanyň Türkmenistanda ilçihanasynyň açylmagynyň on ýyllygy ikitaraplaýyn çäreler bilen bellener
Şu ýyl Italiýanyň Aşgabatdaky diplomatik edarasynyň açylanyna 10 ýyl bolýar.
19.02.2024
7327
Surat bäsleşiginiň ýeňijileri Hazar döwlet goraghanasyna baryp gördüler
Her ýyl 19-njy fewralda Bütindünýä deňiz süýdemdirijiler güni ýa-da Bütindünýä kit güni bellenilýär. Däp bolşy ýaly, ýurtlaryň köpüsinde deňiz süýdemdirijilerini goramak meselesine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge gönükdirilen tematiki çäreler geçirilýär.
19.02.2024
5466
Gümrük gözegçiliginiň usullaryny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirildi
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Serhet dolandyrylyşyna ýardam maksatnamasy Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin töwekgelligi dolandyrmagyň innowasion ýörelgeleri we usullary, şeýle hem ýaşyl kanallar boýunça maslahat geçirdi.
19.02.2024
5999
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärleri deňiz gatnawynyň aýratynlyklaryny öwrenýärler
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärleri deňiz gatnawynyň aýratynlyklary boýunça okuw kursuna başladylar.
19.02.2024
4915
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million 563 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.
18.02.2024
9986
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet bähbitlerini goramakda, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullukda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:
18.02.2024
11746
Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasaty we diplomatiýasy
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu okuw merkeziniň döredilmegi ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmegine hem-de maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.