Ylym
31.10.2026
1173
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Halkara ylymlar akademiýalary assosiasiýasynyň akademigi wezipesine saýlandy
26–28-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilen Halkara ylymlar akademiýalary assosiasiýasynyň Geňeşiniň 39-njy mejlisine we Ählumumy Günortanyň görnükli alymlarynyň maslahatyna gatnaşdy.
29.10.2026
3287
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekiliýeti Pekinde adaty lukmançylyk boýunça geçirilen halkara çärelere gatnaşdy
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti 17 – 26-njy oktýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilen 2026-njy ýylyň Bütindünýä adaty lukmançylyk kongresine we Adaty lukmançylyk boýunça bilim forumyna gatnaşdy.
29.10.2026
3101
Ýaş türkmen alymlary halkara ylmy forumda
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýaş alymlary Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen «Ýaşlar ylymda – 2026» atly halkara ylmy foruma gatnaşdylar.
29.10.2026
2907
Energetika ulgamynda hünär taýýarlygynyň kämilleşdirilmegi
28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Germaniýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa saklaýyş ulgamlary» atly okuw maslahaty geçirildi.
29.10.2026
1856
Türkmenistan Daşkentde geçirilen halkara bilim forumynda wekilçilik etdi
28-nji oktýabrda Daşkent şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldyýew «Merkezi Aziýa – bilim, ylym we innowasiýalaryň täze giňişligi» atly halkara bilim forumyna gatnaşdy.
29.10.2026
1629
Türkmenistanyň bilim ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy
28-nji oktýabrda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew «Merkezi Aziýa — bilim, ylym we innowasiýalaryň täze giňişligi» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň «tegelek stoluň» başynda guralan maslahata gatnaşdy.
28.10.2026
2164
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti halkara bäsleşik we maslahat geçirer
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan 25 – 27-nji noýabr aralygynda iki sany iri halkara çäre – V halkara himiýa olimpiadasy hem-de «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler.
28.10.2026
2385
Türkmenistanyň bilim ministri Ürgenç döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirdi
27-nji oktýabrda Ürgenç döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen ýokary okuw mekdebiň rektory Feruza Madrahimowanyň resmi duşuşygy geçirildi.
27.10.2026
2587
Ekologiýa boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasy geçiriler
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ekologiýa boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.
27.10.2026
2232
Döwrüň talabyndan ugur alyp
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny üstünlikli özgertmek dowam etdirilýär.