Ylym
22.10.2026
2607
Türkmen alymy Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde umumy okuw berip çykyş edýär
18–24-nji oktýabr aralygynda Belarus Respublikasynyň Grodno şäherinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň amaly matematika we informatika kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Maral Bekiýewa iş saparynda bolýar.
21.10.2026
3333
«PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti türkmen mugallymlary we talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirýär
19-22-nji oktýabr aralygynda Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professory tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyplary hem-de ýaş mugallymlary üçin onlaýn görnüşde hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär.
21.10.2026
2719
Türkmen mugallymy Ýaponiýada halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Nurjemal Baýramowa Ýaponiýanyň Hirosima uniwersiteti tarapyndan 19 – 28-nji oktýabr aralygynda geçirilýän Şöhleleriň dinamikasy we tizlendiriji tehnika boýunça 9-njy halkara okuw maksatnamasyna (ISBA 2026) gatnaşýar.
21.10.2026
3321
Aşgabatda sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk boýunça halkara maslahat hem-de internet-olimpiada geçiriler
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geljek aýda «Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary» atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat hem-de sergi, şeýle hem olara bagyşlanan halkara açyk internet-olimpiadasy geçiriler.
20.10.2026
3043
Türkmenistan we Ýaponiýa ylym-bilim hyzmatdaşlygyny berkidýärler
14 – 16-njy oktýabr aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa iş sapary boldy. Bu sapar ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de wodorod energetikasy ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirildi.
20.10.2026
2446
BMG-niň Çagalar gaznasynyň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň çagalar baglarynyň terbiýeçileri üçin okuw maslahatlary geçirildi
12–16-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldawy bilen Maryda we Aşgabatda okuw maslahatlarynyň we geňeşmeleriň tapgyryny geçirdi.
20.10.2026
2132
Türkmen ýokary okuw mekdebinde koreý dilinde oratorçylyk sungaty boýunça bäsleşik geçirildi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Koreý dilinde oratorçylyk sungaty» ady bilen bäsleşik geçirildi.
19.10.2026
2622
Türkmen alymy Ylymlar akademiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň täze materiallar boýunça ylmy geňeşiniň düzümine kabul edildi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň nanotehnologiýa we materiallary öwreniş kafedrasynyň müdiri Mukam Ekäýew 14 – 16-njy oktýabr aralygynda Minsk şäherinde geçirilen Belarusuň senagat-innowasion forumynyň ylmy çärelerine gatnaşdy.
16.10.2026
3219
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Germaniýadan gelen hünärmenleriň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Germaniýanyň Klaustal tehniki uniwersitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
15.10.2026
3905
Türkmen alymlary halkara simpoziumda Magtymgulynyň mirasy boýunça ylmy barlaglaryny hödürlediler
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň alymlary 8–9-njy oktýabrda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirilen «Türki dünýäsinde azerbaýjan diliniň we edebiýatynyň öwrenilişi» atly halkara simpoziuma onlaýn görnüşde gatnaşdylar.