mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylym

news-photo

30.09.2026

total-veiw

4007

Türkmen talyplary Krasnoýarskda maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadasynyň finalyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 27-nji sentýabrdan – 2-nji oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde Sibir Federal uniwersitetiniň binýadynda geçirilýän maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadasynyň finalynda çykyş edýärler.

news-photo

28.09.2026

total-veiw

4224

Tehnologiýa we ekologiýa: Çendu şäherine mediasyýahat

Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilýän «Halkara maglumat merkezi» taslamasynyň çäklerinde žurnalistler üçin «China International Press Communication Center (CIPCC) 2026» halkara okuw maksatnamasynyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen žurnalistler, şol sanda türkmen žurnalisti üçin ýurduň dürli künjeklerine saparlar guralýar. Şeýle saparlaryň biri 21 – 24-nji sentýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Çendu şäherine guraldy.

news-photo

25.09.2026

total-veiw

4003

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «UI GreenMetric-2026» dünýä reýtinginde rekord netijeleri gazandy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýä uniwersitetleriniň «UI GreenMetric-2026» täze ─ 17-nji neşirinde 273-nji orny ynamly eýeläp, dünýäniň ekologiýa taýdan iň durnukly ýokary okuw mekdepleriniň biri diýen derejesini tassyklady.

news-photo

24.09.2026

total-veiw

5424

Milli ylym ösüş ýolunda

Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli professor, dosent we uly ylmy işgär alymlyk atlaryna eýe bolan alymlara attestatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.  

news-photo

24.09.2026

total-veiw

4761

Türkmenistanly ýaş mugallymlar Ýaponiýada bilimlerini kämilleşdirerler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Wepa Abdysetdarow hem-de himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Mergen Nunnakow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetine magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim almaga ugradyldy.

news-photo

24.09.2026

total-veiw

4330

Türkmen ýokary okuw mekdepleri ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ylmy makalalar ýygyndysyny taýýarladylar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan bilelikde taýýarlanan «Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi» diýen ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi.

news-photo

23.09.2026

total-veiw

3915

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk milletiň buýsanjydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

news-photo

22.09.2026

total-veiw

4388

Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan «Ekologiýa we sanly dünýä: ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmak» diýen ylmy okuw maslahaty geçirildi.

news-photo

21.09.2026

total-veiw

3956

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli biologiýa boýunça olimpiada geçirildi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa boýunça olimpiadanyň jemleýji tapgyry we ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi.

news-photo

21.09.2026

total-veiw

3755

TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp «Garaşsyz Türkmenistan: berkararlygyň, bagtyýarlygyň, ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýurdy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

...241