Hyzmatdaşlyk
08.09.2026
1556
Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewiniň bitewi genetik bankyny, ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmegi teklip etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda çykyş etdi.
07.09.2026
3444
Aşgabatda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly 11-nji okuw maslahaty açyldy
2026-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda «Arçabil» myhmanhanasynda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly 11-nji Halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Hazar deňzi instituty we Halkara Okean instituty guraýarlar.
07.09.2026
3433
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy temasy 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
07.09.2026
3726
Bişkek – 2026. ŞHG-niň hil taýdan ösüşi
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky ýubileý sammiti geçirildi. ŞHG-niň döredilenine 25 ýyl boldy.
05.09.2026
3644
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebinde açyk sapak geçirildi
2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžskiý raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy tarapyndan açyk sapak geçirildi.
05.09.2026
3955
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Niderlandlar Patyşalygynyň Premýer-ministriniň geňeşçisi bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Premýer-ministriniň daşary syýasat we goranmak meseleleri boýunça geňeşçisi Kristofer Ýonker bilen duşuşygy geçirildi.
05.09.2026
1912
«Daşkent» seýilgähinde Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenildi
4-nji sentýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda türkmen-özbek dostlugynyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde açylan «Daşkent» seýilgähi uly baýramçylyk çäresiniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä diplomatik wekilhanalaryň, döwlet edaralarynyň, şeýle hem işewür we döredijilik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
04.09.2026
3626
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministri Tom Berendsen bilen duşuşygy geçirildi.
04.09.2026
3580
Türkmenistan Parahatçylyk medeniýeti boýunça BMG-niň ýokary derejeli forumynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň garaýşyny beýan etdi
2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda «Parahatçylyk medeniýetini ilerletmekde zenanlaryň liderligi» atly Parahatçylyk medeniýeti boýunça Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýokary derejeli forum geçirildi.
02.09.2026
3868
Aktau şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau ş.) Konsullygynyň binasynda 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň halkara ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi.