Hyzmatdaşlyk
25.04.2026
5736
Türkmenistan Aziýa – Ýuwaş umman sebitinde diplomatik gatnaşygyny giňeldýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde daşary syýasat gatnaşyklaryny berkitmek we Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berdi.
25.04.2026
4898
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatlaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy.
24.04.2026
5108
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Enrike Ignasio Ferrer Wieýradan ynanç hatyny kabul etdi.
24.04.2026
4486
Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilmeginiň çäginde, 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Suhumi döwlet uniwersitetiniň Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan türkmen-gruzin gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
24.04.2026
3945
Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi
2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
24.04.2026
3207
Türkmenistan ESCAP-yň 82-nji sessiýasynda: sebit integrasiýasynyň we howa durnuklylygynyň ileri tutulýan ugurlary
Bangkok şäherinde dowam edýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti esasy mowzuklaýyn ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşyp, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we häzirki döwrüň möhüm wehimlerine garşy göreşmek boýunça milli garaýyşlaryny beýan etdi.
24.04.2026
3092
Türkmenistan bilen ESKATO köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşygy geçirildi.
23.04.2026
3430
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan BMG bilen AHHG-nyň hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny bilelikde işlemegi teklip etdi
22-nji aprelde Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow möhüm başlangyç bilen çykyş etdi.
23.04.2026
4047
Türkmenistanyň BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşygy geçirildi.
23.04.2026
3599
Rumyniýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Buharest şäheriniň Agrar ylymlary we weterinar lukmançylygy uniwersitetinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy bilen bilelikde gibrid görnüşde halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi.