Jemgyýet
08.10.2024
3969
Türkmenistanda maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar
Hepdäniň başynda ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna maýyl howa garaşýar. Birnäçe ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagşyň ýagjakdygyna garamazdan, gündizlerine howanyň temperaturasy +32 gradus töwereginde bolar.
04.10.2024
4622
Türkmenistanly wekiller ÝHHG-niň maslahatynda çykyş etdiler
Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabry – 11-nji oktýabry aralygynda Polşanyň paýtagtynda geçirilýän ÝHHG-niň adam ölçegleri boýunça Warşawa maslahatyna gatnaşýar.
04.10.2024
5550
Alymlar taryhyň we medeniýetiň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti barada gürrüň berdiler
Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty bilen bilelikde guramagynda «Pederleriň mirasy – nesillere görelde» atly çäre geçirildi.
02.10.2024
5847
«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň bäşinji jildi çapdan çykdy
«Hatyra» kitabynyň jemleýji, bäşinji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.
02.10.2024
6620
Türkmenistan Bakuda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatyna taýýarlyk boýunça sebit maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýada uýgunlaşmagy meýilleşdirmek we uýgunlaşmagy maliýeleşdirmek boýunça «PreCOP29» sebit maslahatyna gatnaşdy.
01.10.2024
6775
Arkadag şäherinde Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine we ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi
Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde «Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi we milli Liderimiziň ylhamy – döwletliligiň dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi.
01.10.2024
4357
«Ýaş tebigatçy» geçirilen surat bäsleşiginiň netijelerini jemledi
Çaga döredijilik işleriniň we «Ozon gatlagyny gorap saklamak üçin, näme edip bilerin?» temasy boýunça bäsleşigiň netijeleri jemlendi.
30.09.2024
4879
Ýurdumyzda ýagyşly we salkyn howanyň bolmagyna garaşylýar
Hepdäniň dowamynda ýurdumyzda howanyň ortaça temperaturasy +37 gradus bolar. Ýöne sebitleriň käbirinde az-kem ýagyş ýagar we howa gijelerine +6 gradusa çenli peseler.
28.09.2024
6287
Watan goragçylaryna sylaglar gowşuryldy
Şu gün Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, harby gullukçylara döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi.
25.09.2024
6083
Watanymyzyň Şanyna yhlasly we döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary
Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi.