Jemgyýet
17.09.2024
9882
Aşgabat şäherinde Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanalary we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi.
16.09.2024
5543
Ýurdumyzda howanyň ýagyşly bolmagyna garaşylýar
Şu hepde ýurdumyzda howanyň durnuksyz bolmagyna we ähli welaýatlarda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy + 34 gradus bolar.
16.09.2024
5181
Adam hukuklary barada okuw maslahaty geçirildi
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda adam hukuklaryny goramakda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň orny boýunça okuw maslahaty geçirildi.
16.09.2024
5207
ÝHHG-niň maslahatyna gatnaşanlar gender deňligine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
12-13-nji sentýabrda Aşgabatda ÝHHG tarapyndan guralan gender deňligi boýunça maslahat bolup geçdi. Bu çäräniň maksady Merkeziň «Maşgalada gender deňligi barada habarlylygy ýokarlandyrmak we kömek bermek» atly uzak möhletli taslamasynyň netijeleri boýunça gelnen kararlardyr işlenip düzülen maslahatlary ara alyp maslahatlaşmak we gender hem öýdäki deňlik hereketine gatnaşýanlaryň mümkinçiligini artdyrmak boldy.
16.09.2024
5394
Aşgabadyň «Startup akademiýasy»: «Bize hemişe ideýaly adamlar gerek»
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen «HI-TECH Türkmenistan 2024» sergisinde Aşgabadyň «Startup akademiýasynyň» diwarçasy bilesigeliji işjeň ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi.
16.09.2024
3272
Çaga hukuklaryny berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuk babatyndaky borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça pudagara komissiýanyň iş toparynyň agzalary Türkmenistanda çaga hukuklaryny berkitmek maksady bilen, Ýagdaý derňewiniň deslapky netijelerini we teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş mejlisini geçirdiler.
14.09.2024
10737
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi.
14.09.2024
10527
Garaşsyz Türkmenistan, waspyň dillerde dessan!
Ýurdumyzyň naýbaşy baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Berkarar Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Lebap welaýatynda hem dabaraly çärelere giň gerim berildi.
13.09.2024
3945
Täze taslama howanyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir
Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda Merkezi Aziýanyň şäherlerindäki howanyň töwekgelçiligine durnuklylygyny ýokarlandyrmak arkaly durnukly ösüşi ýardam etmäge gönükdirilen täze taslamany Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Ýaponiýanyň Hökümeti «Merkezi Aziýa goşmak Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň jähtinden sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde durmuşa geçirmek göz öňünde tutýarlar.
12.09.2024
4719
Adam hukuklary baradaky meseleler we olary durmuşa geçirmegiň ýörelgeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Adam hukuklary boýunça milli guramalaryň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen özara gatnaşygynyň ýörelgeleri, şeýle hem Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň BMG-niň Pariž ýörelgelerine laýyk hukuk mandatyna bagyşlanyp, ozal Daşoguz we Balkan welaýatlarynda geçirilen maslahatlar tapgyry Mary we Lebap welaýatlarynda öz işini dowam etdi.