Jemgyýet
23.05.2024
3907
Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde «Gül diýaryň ýüregi Aşgabat» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
23.05.2024
3713
ÝUNISEF-iň gender deňligi boýunça geňeşçisi Aşgabatdaky DÖM merkezinde okuw sapagyny geçdi
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça gender deňligi boýunça geňeşçisi Şiba Harma Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary üçin bilim we usulyýet merkezinde okuw sapagyny geçdi.
22.05.2024
5080
Sagdyn we bagtyýar çagalar — Watanymyzyň beýik geljeginiň kepili
Şu gün Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.
20.05.2024
12954
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — paýhas we ylham çeşmesi
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
20.05.2024
4217
Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaşlaryny «Geljege köpri-2024» atly forum birleşdirýär
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekillerinden we dürli pudaklara degişli ýaş hünärmenlerden ybarat wekiliýet Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaşlar ýolbaşçylarynyň 15–22-nji maý aralygynda Hytaýyň Sinszýan Uýgur awtonom welaýatynda we Şensi welaýatynda geçirilýän «Geljege köpri-2024» atly forumyna gatnaşýar.
20.05.2024
5558
Tbilisi diňi Türkmenistanyň baýdagynyň reňklerinde yşyklandyryldy
2024-nji ýylyň 18-nji maýynda beýik türkmen şahyry we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, Tbilisi şäher häkimligi Tbilisi teleýaýlym diňini Türkmenistanyň baýdagynyň reňki bilen yşyklandyrdy.
20.05.2024
3780
Türkmenistanyň MDKG-siniň täzelenen uýgunlaşma bölegi görkezildi
Aşgabatda ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň, ylmy toparlarynyň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň täzelenen MDKG-siniň uýgunlaşma böleginiň taslamasy» atly «tegelek stol» maslahaty geçirildi.
20.05.2024
4256
Ýurdumyzda howanyň ýagyşly bolmagyna garaşylýar
Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda howa ýene durnuksyz bolar diýlip çaklanylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy + 33 gradus bolar.
17.05.2024
8758
Çagalar bilen ata-eneler arasynda oňyn gatnaşyklary emele getirmek boýunça okuw geçirildi
13-nji maý bilen 18-nji maý aralygynda Türkmenistanda çaga idegine ösüşiň ir döwründe girişmek boýunça okuw geçirildi.
16.05.2024
6532
Ekologiýa gözegçilik ulgamy kämilleşdirilýär
Türkmenistanda ekologiýa gözegçiligini gowulandyrmak boýunça okuw geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde geçirildi.