Jemgyýet
01.06.2024
7145
Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi
Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gaznanyň wise-prezidenti, Ýaşulular geňeşiniň ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwründe alnyp barlan işler, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ýerine ýetirýän işleri bilen bagly möhüm meseleler girizildi.
31.05.2024
10195
Täze çagalar dynç alyş merkezi açyldy
Şu gün Magtymguly etrabynda “Arkadagly nesiller” döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.
31.05.2024
6835
Oleg Kononenko 60 ýaşyny kosmosda bellär
2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Gahrymany, 1-nji derejeli gözükdiriji-synagçy-kosmonawt, «Roskosmos» Döwlet korporasiýasynyň kosmonawt toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkonyň 60 ýaşy dolar. 1-nji iýunda HKB bilen birleşjek kosmos gämisi ýubilýara sowgat hökmünde elde öndürilen kemput alyp barýar.
31.05.2024
3995
Adalatçynyň diwanynyň maksady Adam hukuklaryny goraýan milli guramalaryň bütindünýä bileleşiginde resmileşdirilmegidir
2024-nji ýylyň 27-nji maýynda ýurdumyzda Adalatçynyň diwanynyň Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekili Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Adam hukuklaryny goraýan milli guramalaryň bütindünýä bileleşiginde (AHGBB) resmileşdirme boýunça geňeşiniň arasynda internet arkaly duşuşyk geçirildi.
30.05.2024
4976
Saýlawlara taýýarlygyň möhüm tapgyry
Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär.
30.05.2024
10543
Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasyna täze enjamlar berildi
Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.
30.05.2024
8224
Çagalar baýramyna çakylyk
Aşgabatda 1-nji we 2-nji iýunda şenbe hem-de ýekşenbe günleri Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler. Paýtagtymyzyň konsert zallary we seýilgähleri dynç günleri tutuş maşgala bolup dynç almaga çagyrýar.
30.05.2024
5968
Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawynyň petekleri döwlet hyzmatlary portalynda elýeterlidir
Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawynyň petekleri satuwa çykaryldy!
29.05.2024
5460
Watan goragçylary harby taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler
Şu gün ýurdumyzyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi.
29.05.2024
6867
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çäreler
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň medeni merkezlerinde, kitaphanalarynda, muzeýlerinde we seýilgählerinde baýramçylyk konsertler, ussatlyk sapaklary, oýunlar, teatrlaşdyrylan çykyşlar, sergiler we beýleki çäreler geçirilýär.