Jemgyýet
24.05.2024
6980
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi
Şu gün paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu gözden geçiriliş şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, toplan tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.
24.05.2024
5689
Türkmen halysynyň baýramy we Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäresi
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy we Türkmenistanyň Inženertehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kitaphanasynyň guramagynda Türkmen halysynyň baýramy hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Türkmen nepis halysy – Ak şäherimiziň bezegi» ady bilen baýramçylyk çäresini geçirdi.
24.05.2024
4579
Maglumat elýeterlilik merkeziniň internet saýty işe girizildi
2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat tehnologiýalar ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň we Günorta Koreýanyň Milli maglumat agentligi bilen özara baglaşan Ähtnamanyň esasynda işleýän Maglumat elýeterlilik merkezi öz saýtyny döretdi.
24.05.2024
4896
Daşoguzda çäge süýşmelerinden goramak meselesi çözülýär
Daşoguz şäherinden halkara howa menziline barýan awtoulag ýolunyň käbir bölümlerinde bu ýazda ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça işleriň arasynda çäge berkitmek işleri hem geçirildi.
23.05.2024
5088
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli sergi guraldy
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ak mermerli gözel şäher Aşgabat» atly sergi açyldy. Ol Döwlet nyşanlarynyň suratlary bilen açylýar.
23.05.2024
4266
Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde «Gül diýaryň ýüregi Aşgabat» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
23.05.2024
3975
ÝUNISEF-iň gender deňligi boýunça geňeşçisi Aşgabatdaky DÖM merkezinde okuw sapagyny geçdi
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça gender deňligi boýunça geňeşçisi Şiba Harma Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary üçin bilim we usulyýet merkezinde okuw sapagyny geçdi.
22.05.2024
5465
Sagdyn we bagtyýar çagalar — Watanymyzyň beýik geljeginiň kepili
Şu gün Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.
20.05.2024
13650
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — paýhas we ylham çeşmesi
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
20.05.2024
4479
Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaşlaryny «Geljege köpri-2024» atly forum birleşdirýär
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekillerinden we dürli pudaklara degişli ýaş hünärmenlerden ybarat wekiliýet Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaşlar ýolbaşçylarynyň 15–22-nji maý aralygynda Hytaýyň Sinszýan Uýgur awtonom welaýatynda we Şensi welaýatynda geçirilýän «Geljege köpri-2024» atly forumyna gatnaşýar.