Medeniýet
15.12.2023
7141
Ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» estrada bäsleşiginiň jemi jemlendi
Şu gün Arkadag şäheriniň söwda toplumynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
15.12.2023
5423
Aşgabatda ýapon filmleriniň festiwaly açyldy
Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýola goýlan VII ýapon filmleriniň festiwalynyň açylyş dabarasy bolup geçdi.
15.12.2023
4986
Aşgabatda «Tebigaty söýmek – Watany söýmek» bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Türkmenistanyň erkin döredijilik mekanynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde «Tebigaty söýmek – Watany söýmek» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirdi.
14.12.2023
8681
Maryda türkmen-eýran amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi açyldy
Şu gün Mary welaýatynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň bilelikdäki sergisi öz işine başlady.
14.12.2023
7115
Türkmen kinoçylary tomaşaçylar üçin Täze ýyl sowgadyny taýýarlaýarlar
Täze ýyl – uly-kiçiniň gudrata we islegleriniň amala aşmagyna garaşýan iň ajaýyp baýramy. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinoçylary tarapyndan surata düşürilýän täze gysga çeper film ýylyň esasy baýramynyň ruhy bilen gurşalypdyr.
13.12.2023
7733
Türkmen döwlet gurjak teatrynda Aladdin hakynda täze erteki sahnalaşdyryldy
Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary «Aladdin» sahna oýnuny sahnalaşdyrmak bilen çagalara Täze ýyl sowgadyny taýýarlady.
13.12.2023
11183
Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» derejesini kabul etdi
2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda «Şuşa – türki dünýäniň medeni paýtagty-2023»-iň ýapylyş dabarasy bolup geçdi. Oňa Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli, Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, Azerbaýjanyň Prezidentiniň Şuşadaky ýörite wekili Aýdyn Kerimow, Türki medeniýet we miras gaznasynyň başlygy Aktoty Raýimkulowa, «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýen ada mynasyp bolan Eskişehir, Şeki, Türküstan, Oş, Hywa, Kastamonu, Bursa, Änew, Şuşa şäherleriniň wekilleri we sungaty söýüjiler gatnaşdylar.
13.12.2023
6335
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sungat işgärleri «Aýtmatow we teatr» festiwalynyň diplomlaryny gazandylar
Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň teatr toparlarynyň gatnaşmagynda Bişkekde geçen «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalynyň netijeleri jemlendi.
12.12.2023
64335
Halkara Bitaraplyk güni we Watanymyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli döredijilik çäresi
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.