mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet

news-photo

29.03.2022

total-veiw

8711

Medeniýet institutynyň talyplary synagy üstünlikli tabşyrdylar

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorlyk we režisýorlyk fakultetleriniň bäşinji ýyl talyplary Magtymguly Myşşyýewiň pýesasy boýunça Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda goýlan «Ene» diplom spektaklynda hakyky aktýorlar kimin çykyş etdiler.

news-photo

28.03.2022

total-veiw

6335

Daňatar Öwezowyň eserlerinden düzülen konsert

M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary tenor M.Myratgeldiýew bilen bariton B.Gaýybow ilkinji türkmen kompozitory D.Öwezowyň eserlerinden konsert bilen çykyş etdiler.

news-photo

24.03.2022

total-veiw

30882

Atageldi Garýagdyýew doglan gününi sahnada belledi

Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak bölüminiň professory Atageldi Garýagdyýew 70 ýaşyny «Dostlaryma» atly ýatdan çykmajak konserti bilen belledi. 

news-photo

24.03.2022

total-veiw

7909

Muzeýiň gymmatlyklary artýar

«Könürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Daşmetjit medresesiniň gadymy jaýyndaky halk senetleri muzeýiniň gorunyň üstüni ýetirmäge ýerli ilat işjeň gatnaşýar. Ýerli ilatyň muzeýe peşgeş beren soňky arheologik tapyndylarynyň arasynda degirmen we simap saklamak üçin gaplar bar. 

news-photo

23.03.2022

total-veiw

9443

«Lukman gyz» Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda

Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda režissýor Bilbil Mämmedowyň Täçmyrat Repbimowyň pýesasy esasynda goýan aýdym-sazly «Lukman gyz» komediýasynyň taýynlyk görkezilişi bolup geçýär.

news-photo

21.03.2022

total-veiw

14472

Atageldi Garýagdyýew – ýurdumyzyň Altyn baritony

70 ýaşynyň dolmagynyň öňüsyrasyndaky häzirki günlerde ýurdumyzyň birinji wokalçysy Atageldi Garýagdyýew žurnalistleriň üns merkezinde.

news-photo

20.03.2022

total-veiw

23613

Bahar geldi – Nowruz geldi

Paýtagtymyzdaky Çeperçilik sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň suratkeşleriniň Nowruz baýramçylygyna bagyşlanan «Bahar geldi – Nowruz geldi» atly eserleriniň sergisi açyldy.

news-photo

19.03.2022

total-veiw

12723

Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýubileýi mynasybetli konsert geçiriler

23-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň guramagynda Türkmenistanyň halk artisti, Hormatly il ýaşulusy Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli ýubileý konserti geçiriler.

news-photo

19.03.2022

total-veiw

8066

Döredijilik duşuşygy geçirildi

Her ýyl Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherindäki Erkin döredijilik mekanynda halk ýazyjylarynyň we şahyrlaryň ýaşlar bilen duşuşyk geçirmegi indi däbe öwrüldi.

news-photo

17.03.2022

total-veiw

6911

Owazyň äleme ýaýran, dutarym!

Gahryman Arkadagymyzyň halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek barada aýdanlaryndan ugur alnyp häzirki döwürde ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem ussat halypalardan bu hormatly hünäri ele alýan zehinli ýaşlaryň sany barha artýar. Ýaş nesle bu sungatyň inçe syrlaryny öwredýän şeýle halypalaryň biri hem dutar ýasamak senetkärçiligini ykbal edinen halypa dutar ussasy, Halaç etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy Agamyrat Rozyýewdir.

...356