Medeniýet
27.02.2026
4391
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeldýär
Birleşen Patyşalyga amala aşyrylan saparynyň maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Wilýams bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda Ylalaşyk baglaşyldy.
27.02.2026
3729
Kakageldi Gurbangeldiýew: «Aslym – obaly»
Ýurdumyzyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Kakageldi Gurbangeldiýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli şahsy sergisi açyldy. Suratkeş onda 170 surat goýdy – olaryň hemmesi-de oba hakynda.
26.02.2026
4455
Tbiliside täze dokumental filmiň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Tbilisiniň Kino öýünde döwletara gepleşikleri ösdürmekde, özara düşünişmegi berkitmekde hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasynda berk ynamy pugtalandyrmakda medeniýetiň möhüm ornuny açyp görkezýän «Medeniýet dünýäni halas eder» atly gruzin dokumental filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi.
26.02.2026
4732
Nabat Nurmuhammedowa we Amanbibi Welmyradowa bagyşlanan hatyra agşamy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda meşhur aýdymçylaryň ikisi – Türkmenistanyň halk artisti Nabat Nurmuhammedowa hem-de Amanbibi Welmyradowa bagyşlanan hatyra agşamy geçirildi.
26.02.2026
4405
«Talyp gözeli – 2026» bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda iň gözel gyz talybyny saýlamak boýunça «Talyp gözeli» atly bäsleşik geçirildi.
26.02.2026
2864
Jaz ritmleri we teatr sahnasy tomaşaçylary çagyrýar
Paýtagtymyz Aşgabadyň medeni durmuşy özüniň köpdürlüligi bilen begendirmegini dowam edýär. Bahar paslynyň gelmegi bilen, şäherimiziň medeni maksatnamasy birnäçe garaşylýan ilkinji görkezilişleri we konsertleri taýynlap, has-da baýlaşar.
25.02.2026
2911
Aşgabatda Hytaý Täze ýyly we Bahar baýramy mynasybetli türkmen-hytaý konserti geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Täze ýyly we Bahar baýramy mynasybetli Döwlet simfoniki orkestriniň dostlukly ýurduň medeniýet we sungat işgärleri bilen bilelikdäki konserti boldy.
24.02.2026
2802
Hytaý kalligrafiýa sungaty boýunça ussatlyk sapagy geçirildi
Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet işgärleriniň abraýly wekiliýeti Aşgabada geldi. Myhmanlar saparyň dowamynda türkmen halkynyň baý mirasy bilen tanyşdylar we Hytaýyň gadymy medeni däp-dessurlary bilen tanyşdyrdylar.
23.02.2026
4056
Şotland şahyry Robert Býornsyň doglan güni mynasybetli baýramçylyk agşamy geçirildi
20-nji fewralda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy görnükli şotland şahyry Robert Býornsyň doglan güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik gurady.
21.02.2026
4955
«Kompozitor» filminiň nobatdaky halkara üstünligi
Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen «Kompozitor» atly filmiň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite baýraklaryna mynasyp bolmagyna bagyşlandy.