Medeniýet
08.09.2025
5005
Aziýa medeniýet festiwaly: bir yklym – müňlerçe hekaýa
2025-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Buharest şäheriniiň Dimitriýe Gusti adyndaky Milli oba muzeýiniň hemaýat bermeginde, Türkmenistanyň Ilçihanasy we Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda gurnalan III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi.
07.09.2025
8766
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 14-si gatnaşdy.
07.09.2025
8093
Gurbannazar Ezizow: «Men özümi aýamadym hiç ýerde»
Ýakynda geçen ýyl halkara derejede doglan gününiň 300 ýyllygy bellenen akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän milli sazly drama teatrynda şahyra bagyşlanan «Pursat» atly sahna oýny sahnalaşdyryldy. Indi bolsa, ýagny şondan bir hepde soň şol teatryň sahnasynda döwürdeş şahyrymyzyň 85 ýyllygy mynasybetli goýlan «Gurbannazar Ezizow» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolup geçdi.
06.09.2025
7492
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi.
05.09.2025
7119
«Amyderýanyň güni» atly ekologiýa sergisi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde giň jemgyýetçilik seslenme döredýän «Amyderýanyň güni» atly ekologiýa sergisi guraldy.
05.09.2025
7405
Türkmen sazandalary Sinandali klassyky saz festiwalyna gatnaşýarlar
2025-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Gruziýada klassyky saz boýunça 7-nji Sinandali festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazandalary hem gatnaşýarlar.
02.09.2025
10982
Şükür bagşynyň ýeňilmeýän dutar owazy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry, teatr möwsümini Arkadagymyzyň döredijiligine esaslanyp sahnalaşdyrylan «Dutar owazlary» atly spektakly bilen açýar. Spektaklyň saýlanyşy tötänleýin däl, onuň esasynda türkmen halkynyň medeni mirasynda parahatçylyk söýgüsi bilen aýratyn orun eýelän Şükür bagşy hakynda gürrüň berilýär.
02.09.2025
8106
Magtymguly Pyragy: pursatlardan – bakylyga
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry yzly-yzyna iki ýyldan bäri teatr möwsümini Hemra Şirowyň eseriniň esasynda goýulan «Pursat» atly spektakly bilen açýar. Bu spektakl Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II halkara teatr festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy. Emin agzasy Žanyş Kulumbetowyň bellemegine görä, «Pursat» spektakly sahna sungatyna täze bir çemeleşme getirdi, öň beýle sahna eserleriň goýulmandygyny aýtdy.
29.08.2025
8315
Teatr möwsümi Bilimler we talyp ýaşlar güni açylar
Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň teatrlarynda täze teatr möwsümi açylar. Paýtagtymyzyň sahnalary tomaşaçylary taryhy eserleri görmäge çagyrýar.
28.08.2025
9883
Türkmenistanyň kino sungatyny Kazan şäherinde geçiriljek kinofestiwalynda görkezerler
2025-nji ýylyň 5 – 9-njy sentýabry aralygynda Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde «Altyn minbar» atly 21-nji Kazan halkara kinofestiwaly geçiriler. Bu abraýly kinofestiwalda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň iki – «Daragt» atly çeper filmi we türkmen-özbek bilelikdäki «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmi görkeziler.