Medeniýet
22.02.2025
5520
Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň arasynda «Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly döredijilik sergisini geçirdi. Çäre Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi mynasybetli guraldy.
21.02.2025
6746
Aşgabatda «Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly döredijilik sergisi ýaýbaňlandyryldy
Şu gün ýurdumyzyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly döredijilik sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ýokary okuw mekdebiniň zehinli talyplarynyň döredijiliginden ybarat bolan sergi Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraldy.
21.02.2025
3169
Ýapon sungatynyň ussatlary Aşgabada geldiler
Medeni alyş-çalşyň çäginde Aşgabada gelen ýapon milli tansynyň ussady Ueda Çiho we sazanda Kikuçi Ýutaka paýtagtyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde birnäçe ussatlyk sapaklaryny geçirdiler.
21.02.2025
4227
Şanhaýyň muzeýiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda boldy
Şanhaýyň sungat eserleri ýygyndysy muzeýiniň ýolbaşçysy Hu Musin we muzeýiň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Mao Siweýa Aşgabada saparynyň dowamynda paýtagtyň muzeýleriniň işi bilen tanyşdylar, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna baryp gördüler.
19.02.2025
6396
“Miras” žurnaly: türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna alymlaryň garaýşy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
19.02.2025
4134
Dawid Aruşaýansyň eserleriniň sergisi guraldy
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde ýaşap ýören bolsa häzir 75 ýaşy dolmaly Mary welaýatynda ýaşan zehinli suratkeşiň hatyrasyna şahsy sergi açyldy. Bu nakgaşyň ady Dawid Aruşaýans.
19.02.2025
3183
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy «Ferula» fotosurat klub agzalarynyň işlerinde
Fotosungat söýüjileriň «Ferula» klubunyň Türkmenistanda meşhurlyk gazananyna heniz köp wagt geçenok. Ýurdumyzyň ýubileý ýylynda, hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynda oňa 10 ýyl dolýar.
18.02.2025
5131
Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýine 20 ýyl doldy
Ýigrimi ýyl mundan ozal paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýi açyldy. Bu döwrebap täze bina Aşgabadyň şu böleginiň binagärlik ansamblyna doly utgaşmak bilen, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen bilelikde ýeke-täk toplum döretdi.
14.02.2025
4974
Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestrine 15 ýyl doldy
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestri öz 15 ýyllyk toýuny «Söýginiň jadyly sazlary» atly ajaýyp konsert bilen belledi. Toparyň muşdaklary üçin bu at tötänden gelen däl – orkestr eýýäm bu mowzuga ýüzlenipdi, ýöne ýubileý maksatnamasy baky duýgularyň düýbünden täze teswirini görkezdi.
13.02.2025
5391
Aşgabatda geçiriljek medeni çäreler: Italýan dizaýnynyň güni, sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi we sirk çykyşlary
Şu hepde Aşgabatda birnäçe medeni çäre geçiriler. 12-15-nji fewral aralygynda Aşgabatda Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan Italýan dizaýny gününe bagyşlanan çäreler geçirilýär.