mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport

news-photo

22.05.2026

total-veiw

4938

Aşgabatda 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Gran-pri küşt ýaryşynyň birinji tapgyrynyň ýeňijileri kesgitlenildi

Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen Türkmenistanyň Gran-pri küşt ýaryşynyň birinji tapgyry 270-den gowrak oýunçyny bir ýere jemledi. 

news-photo

20.05.2026

total-veiw

4991

2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynyň ikinji aýlawy badalga aldy

2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynyň ikinji aýlawy Aşgabatda, Balkanabatda we Maryda geçirilen 8-nji tapgyryň duşuşyklary bilen başlandy.

news-photo

19.05.2026

total-veiw

5921

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy

35 ýaşly sport ussady Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine dört ýyllyk möhlet bilen täzeden saýlandy. Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen 35 wekil onuň dalaşgärligine biragyzdan ses berdiler.

news-photo

18.05.2026

total-veiw

5094

Türkmenistanyň türgenleri jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýelediler

Türkmenistanly türgenler Türkiýäniň Antalýa şäherinde tamamlanan sportuň kontakt jiu-jitsu görnüşi boýunça dünýä çempionatynda dürli gymmatlyga eýe bolan 42 medal gazandylar. Ýaryşlar Halkara jiu-jitsu federasiýasynyň (JJIF) howandarlygynda geçirilip, oňa 16 ýurtdan 245 türgen gatnaşdy.

news-photo

16.05.2026

total-veiw

5514

Türkmenistanyň futbol çempionatynda «Arkadag» topary «Köpetdag» toparyny uly hasap bilen ýeňdi

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary janköýerlere gyzykly pursatlary peşgeş berdi. Ýaryşda öňdäki orunlary eýeleýän toparlar ýaryş tertibindäki orunlaryny has-da berkitdiler, «Arkadag» topary bolsa taryhy senesini uly hasap bilen belläp geçdi.

news-photo

15.05.2026

total-veiw

4669

Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmak üçin Gazagystana ugradylar

Şu gün Aşgabatdan Özbegistanyň üsti bilen türkmen tennisçileri Aziýa sebitiniň iň güýçli 16 toparynyň gatnaşmagynda 18 – 23-nji maý aralygynda Şimkent şäherinde 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçiriljek Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmak üçin Gazagystana ugradylar.

news-photo

15.05.2026

total-veiw

6065

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Annapurna depesinde dikildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri planetanyň çykmasy iň kyn belentlikleriniň biri – Nepaldaky sekiz müňlük Annapurna (8 091 m) depesine çykdylar.

news-photo

14.05.2026

total-veiw

5122

Hindistanda geçirilýän 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatynda Türkmenistana alty agyr atletikaçy wekilçilik eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde badalga alan 2026-njy ýylyň agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň adyndan alty türgen çykyş eder.

news-photo

13.05.2026

total-veiw

4744

2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynyň ikinji aýlawyna badalga berildi

Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň sport toplumynda 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynyň ikinji aýlawy 4-nji tapgyr duşuşyklary bilen başlandy.

news-photo

13.05.2026

total-veiw

4168

Täjigistanda CAFA – 2026 çempionaty geçirildi

Türkmen futbolçylary Täjigistanda 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilýän Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyny ýeňiş bilen başladylar. Bäş ýurduň wekillerini jemleýän turniriň birinji duşuşygynda biziň watandaşlarymyz Owganystanly futbolçylary 3:1 hasap bilen ýeňdiler.

...259