mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport

news-photo

04.04.2026

total-veiw

5891

Futbol boýunça Türkmenistanyň 34-nji çempionaty başlanýar

Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 34-nji çempionaty Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki duşuşyklar bilen başlanýar.

news-photo

03.04.2026

total-veiw

4426

Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanan ylgaw ýaryşy geçiriler

2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Ýewropa gününe bagyşlanan köpçülikleýin inklýuziw ylgawy geçiriler. Bu çäre Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti tarapyndan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, şeýle-de türgenleri, höwesjeň ylgawçylary we raýatlary sagdyn durmuş, dostluk we jebislik ruhunda birleşdirýän «Run-Rush» jemgyýetçilik hereketiniň goldawy bilen guralýar.

news-photo

31.03.2026

total-veiw

6437

Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar

Şu gün Türkmenistanyň milli ýygyndy futbol topary 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogyna gatnaşmak üçin, Bangkogyň «Rajamangala» stadionynda Tailandyň topary bilen aýgytly duşuşygy bolar. Bu duşuşykda indiki ýyl Saud Arabystanynda geçiriljek dört ýyllyk döwrüň esasy ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmak hukugyny gazanmak ugrunda bäsleşerler.

news-photo

30.03.2026

total-veiw

6600

Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen toparlaýyn küşt çempionatynyň netijeleri belli boldy

Aşgabatda möhüm sport çäresi – ýurdumyzyň küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionaty tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan bu ýaryş paýtagtymyzyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirildi.

news-photo

30.03.2026

total-veiw

5787

Aşgabatda şort-trek boýunça ýaryş geçirildi

Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň buz meýdançasynda sport mekdepleriniň şort-trek boýunça açyk çempionaty geçirildi. Ýaş türgenler 500 we 1000 metrlik aralyklarda bäsleşdiler.

news-photo

29.03.2026

total-veiw

5070

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynda iň gowy dört toparyň biri boldy

Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde tamamlanan 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça deslapky saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň ýetginjekler tennis topary 15 orundan dördünji orny eýeledi.

news-photo

27.03.2026

total-veiw

4888

Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geljekki ussat konkurçylar taýýarlanýar

Türkmenistanda ýazky at çapyşyk möwsümi – her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramyny buşlaýan täsirli waka başlandy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda ahalteke atlary janly rowaýatdyklaryny we türkmen halkynyň hakyky buýsanjydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.

news-photo

26.03.2026

total-veiw

5594

Türkmenistanyň ýygyndysy Filippinleriň ýygyndy toparyny ýeňip, Dewisiň Kubogynyň ýarym finalyna çykdy

Türkmen tennisçileri Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde 15 toparyň gatnaşmagynda geçirilýän 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça deslapky saýlama tapgyrynda ýarym finala çykdylar.

news-photo

26.03.2026

total-veiw

5663

Türki döwletleriň ilkinji küşt olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlenildi

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdürliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde küşt boýunça saýlama ýaryşy tamamlandy. Onuň netijeleri boýunça türki döwletletiň arasynda taryhda ilkinji küşt olimpiadasyna gatnaşjak milli ýygyndy toparyň (16 ýaşa çenli toparyň) düzümi kesgitlenildi.

news-photo

25.03.2026

total-veiw

5401

Tennis boýunça açyk ussatlyk sapagy geçiriler

28-nji martda paýtagtymyzyň «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde köpçülikleýin sport çäre – tennis boýunça açyk ussatlyk sapagy geçiriler. Sagat 19:00-dan 22:00-a çenli dowam etjek bu çäre sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň çäginde Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan geçirilýär.

...259