Sport
26.03.2026
3607
Türkmenistanyň ýygyndysy Filippinleriň ýygyndy toparyny ýeňip, Dewisiň Kubogynyň ýarym finalyna çykdy
Türkmen tennisçileri Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde 15 toparyň gatnaşmagynda geçirilýän 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça deslapky saýlama tapgyrynda ýarym finala çykdylar.
26.03.2026
3238
Türki döwletleriň ilkinji küşt olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlenildi
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdürliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde küşt boýunça saýlama ýaryşy tamamlandy. Onuň netijeleri boýunça türki döwletletiň arasynda taryhda ilkinji küşt olimpiadasyna gatnaşjak milli ýygyndy toparyň (16 ýaşa çenli toparyň) düzümi kesgitlenildi.
25.03.2026
3454
Tennis boýunça açyk ussatlyk sapagy geçiriler
28-nji martda paýtagtymyzyň «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde köpçülikleýin sport çäre – tennis boýunça açyk ussatlyk sapagy geçiriler. Sagat 19:00-dan 22:00-a çenli dowam etjek bu çäre sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň çäginde Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan geçirilýär.
25.03.2026
2928
Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn ýaryş başlandy
Aşgabatda Türkmenistanyň toparlaýyn küşt çempionatynyň – bu paýhas sportunyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýan möhüm wakanyň açylyş dabarasy boldy. Aýlawly görnüşde geçirilýän bu ýaryşy paýtagtymyzyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi gurady.
25.03.2026
2765
Türkmenistanly tennisçiler Dewisiň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda birinji orny eýelediler
Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde 15 toparyň gatnaşmagynda geçirilýän 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça saýlama tapgyrynda türkmen tennisçileri şowly çykyşlaryny dowam etdirýärler.
24.03.2026
3649
Aşgabatda «CAFA NOWRUZ – 2026» çagalar futbol festiwaly geçirildi
Paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň futbol meýdançasynda 7 ýaşdan 12 ýaş aralygyndaky 250-den gowrak ýaş türgeni bir ýere jemlän «CAFA NOWRUZ – 2026» atly çagalar futbol festiwaly boldy.
24.03.2026
2588
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çärýek finalyna çykdylar
Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde dowam edýän 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagyndaky saýlama ýaryşlarynda türkmen tennisçileri çärýek finala çykmagy başardylar.
23.03.2026
2753
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başladylar
Şu gün Türkmenistanyň ýygyndy topary Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde geçirilýän 16 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça saýlama tapgyrynyň deslapky tapgyryna Omanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňmek bilen başlady.
22.03.2026
2183
Türkmenistanly türgenler adaty karate boýunça Polşada geçirilen halkara ýaryşda iki bürünç medal gazandylar
Türkmen türgenleri ýakynda Polşada adaty karate boýunça tamamlanan «Krakow Kubogy» atly halkara ýaryşda iki bürünç medal gazandylar.
21.03.2026
2403
Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni giňden belleniler
7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri guralar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Mämmedow habar berdi.