mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Teswirlemeler

13.10.2026

total-veiw

5364

Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär

Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek bi­len, Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan giň ge­rim­li hyz­mat­daş­lyk stra­te­gi­ýa­sy­ny hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär hem-de se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de ynam­ly, jo­gap­kär­li hyz­mat­daş hök­mün­de öz ab­ra­ýy­ny bar­ha art­dyr­ýar. Ge­çen hep­de hem döw­le­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy we ru­hy ösü­şi­niň dür­li ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan bir­nä­çe mö­hüm da­şa­ry hem-de içe­ri sy­ýa­sy wa­ka­lar bi­len ta­pa­wut­lan­dy.

05.10.2026

total-veiw

6137

Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap

Baýramçylyk dabaralaryna baý bolan geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli strategiýanyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu strategiýa ýurdumyzyň syýasy we ykdysady durnuklylygyny saklamaga, uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýady döretmäge gönükdirilendir.


30.09.2026

total-veiw

6482

Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny parahatçylykda we abadan durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz mynasyp zähmet ýeňişleri bilen garşylady. Bu ýyllarda ählumumy ykrara eýe bolan ägirt uly işler amala aşyrylyp, ähli ulgamlarda asyrlara barabar ýol geçildi.  

22.09.2026

total-veiw

6802

Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler

Ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak bilen, gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli ösdürýär. Türkmenistan gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamakda işjeň orun eýelemek bilen, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge saldamly goşant goşýar.

14.09.2026

total-veiw

6799

Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän, halkara bileleşik bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy baýram edilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasy ugur öz beýanyny tapdy.

08.09.2026

total-veiw

7422

2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyz dostlukly, netijeli döwletara gatnaşyklary, şeýle-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat ugruny ynamly dowam edýär.

06.09.2026

total-veiw

6614

Watanymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna gurmak we döretmek ýoly bilen

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyklara beslenen geçen hepde ýurdumyzyň okgunly ösüşini, özgertmeleriň täze belentliklerine bolan ymtylyşyny aýdyň şöhlelendirýän wakalara baý boldy.

03.09.2026

total-veiw

6864

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar

Mälim bolşy ýaly, şu günler bütin dünýäde telekeçiligiň hem-de köptaraply hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bir hatarda, maýa goýum strategiýasynyň işjeňleşdirilmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär.  

02.09.2026

total-veiw

6533

Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň ýylýazgysynda täze möhüm sahypadyr.

31.08.2026

total-veiw

6419

Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine

Türkmen döwletiniň binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ähli pudaklaryň düzümlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen syýasatyň esasy wezipeleridir.  

...92