Wakalaryň jümmüşinde
17.06.2025
5022
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
17.06.2025
6218
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitindäki çykyşy
Ilki bilen, bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň!
17.06.2025
3052
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we doganlyk türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen gutlamaga şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, doganlyk Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin. Biziň ýurtlarymyzy mäkäm baglanyşdyrýan dostlukly gatnaşyklaryň geljekki ýyllarda has-da pugtalandyryljakdygyna hem-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.
17.06.2025
3644
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.
17.06.2025
2487
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Halla Tomasdottire we ýurduň ähli halkyna Islandiýanyň milli baýramy — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
16.06.2025
3342
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
16.06.2025
3155
Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşyjylara
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
13.06.2025
5654
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
13.06.2025
3372
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhetlerimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň, milli kanunçylygymyzyň we hukuk tertibiniň ygtybarly goragyny üpjün etjek ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz hem-de zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
12.06.2025
3301
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.