Ykdysadyýet
03.06.2022
8640
Ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi
Şu gün ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 26-njy maýda geçirilen göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen daýhanlara zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa bu işe 10-njy iýunda girişerler.
02.06.2022
7388
Türkmenistanyň wekiliýeti Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ýedinji sebitara duşuşygyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 25-26-njy maýy aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ýedinji sebitara duşuşygy geçirildi.
30.05.2022
8601
Geçen hepdäniň birža söwdalarynda dokma senagatynyň önümleri öňdeligi eýeleýär
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
28.05.2022
12874
Täze haly kärhanasy açyldy
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Güýçbirleşik geňeşliginiň çäginde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç «Çeper» halyçylyk kärhanasynyň täze haly kärhanasy dabaraly ýagdaýda açyldy.
28.05.2022
8685
Türkmenistan we Tatarystan Respublikasy gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndaky Baş konsuly (Kazan ş.) A. Baýramow «Ak Bars» gämi gurluşyk korporasiýasy» paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory R. Mistahow bilen duşuşdy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazanda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirende beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge gönükdirildi.
27.05.2022
5955
Ýurdumyzda galla oragyna başlamaga ak pata berildi
Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berip, ýaşululara ýüzlenip, galla oragyna «Bismilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
27.05.2022
6529
«Kerwenler» HK-nyň kilim we örtgi önümleriniň täze görnüşleri
«Kerwenler» hususy kärhanasy Türkmenistanyň dokma senagatynyň ösüşine goşandyny goşýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mebugat merkeziniň habaryna görä, kärhanada golaýda dürli ölçegdäki, galyňlykdaky kilim we örtgi önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
26.05.2022
5777
Galla oragyna taýýarlyk işleri geçirildi
Daşoguz wealýatynyň ekarançylary iň jogapkärli oba hojalyk işleriniň biri – galla oragyna kabul ediji noaktlaryň 28-sini, şol sanda elewatorlaryň ýedisini taýýarladylar.
24.05.2022
8297
Lebaply ýüpekçileriň üstünlikleri
Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ýüpekçileri döwlet meýilnamasynda göz öňünde tutulan 1010 tonna derek 1060 tonnadan gowrak pile taýýarlap, pile tabşyrmagyň şertnamalaýyn borçnamasyny 105 göterim amal etdiler.
23.05.2022
8150
Uçar kerosinini daşary ýurtly telekeçilerde uly gyzyklanma döredýär
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.