Ykdysadyýet
07.05.2022
10636
Türkmen kompaniýasy “Hazyna” nyşanly täze azyk önümleriniň önümçiliginiň ýola goýdy
“Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň aprel aýynda täze önümçiligi ýola goýdy. Täze önüm bolan spred (mesge) ýagy pagta çigidinden alynýan ýagy gaýtadan işlemek arkaly öndürilýär. “Hazyna” nyşany bilen öndürilip başlanan mesge ýagy 200 gramlyk, 5, 10, 20 kilogramlyk gaplara gaplanylýar.
06.05.2022
10501
Ýurdumyzyň telekeçileriniň täze önümleri
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşmesiniň (TSTB) metbugat merkeziniň habar bermegine görä, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň şöhlat öndürýän kärhanasynda täze önümiň – ýokary hilli buglanan sygyr etiniň önümçiligi ýola goýuldy. Täze önüm “Kuwwatly” söwda nyşany bilen 425 gram göwrümli bankalarda gaplanýar.
04.05.2022
7980
Ýüpekçileriň ýazky aladalary
Daşoguz welaýatynda dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan piläniň ýokary hasylyny almak üçin ýüpek gurçuklarny iýmitlendirmäge girişildi. Tebigi şertlere görä welaýatda bu jogapkärli işe beýleki sebitlere garanyňda giç başlanýar.
04.05.2022
12629
Türkmenistanda syýagalamlaryň görnüşleri artdyrýar
Işewür Kakaly Geldiýewiň ýolbaşçylygynda 2021-nji ýylyň maý aýynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde esaslandyrylan “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti ilat içinde gyzgyn garşylanan “Nusga” haryt nyşanly syýagalamlaryň (ruçkalaryň) täze hoşboý ysly görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy.
02.05.2022
7534
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.
01.05.2022
10983
«Ajap önüm» HJ şu ýyl tormoz kolodkalarynyň täze 11 görnüşini öndürip başlady
«Gunt» brendi bilen Türkmenistanda tormoz kolodkalaryny ilkinji gezek önümçilige ornaşdyran «Ajap önüm» hojalyk jemgyýetiniň täze önümleri alyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
30.04.2022
7393
Elektrik energiýasynyň öndürilişi barha artýar
«Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň Balkanabat döwlet elektrik bekedi diňe bir günbatar sebitiň däl, eýsem tutuş Diýarymyzyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini pugtalandyrmakda mynasyp orny eýeleýär. Kärhanada bitirilýän işler bolsa ýokary hil derejesi we netijeliligi bilen tapawutlanýar.
30.04.2022
8011
Maldarçylyk ulgamy: owlak-guzular ösdürime göýberilýär
Lebap welaýaynyň maldarlarynyň dowarlaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen çekýän tutanýerli zähmeti özüniň oňyn netijelerini berýär.
28.04.2022
9335
Türkmen kompaniýasy öndürýän boýaglaryny eksport etmegi meýilleşdirýär
“Dürs” hususy kärhanasy gurluşykda binalaryň bezeginde ulanylýan suwly-disperision boýaglaryň dürli görnüşleriniň önümçiligini alyp barýar.
27.04.2022
8700
«Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany – türkmen haryt öndürijileriniň milli brendi
Ýakyn wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany taýýarlamak boýunça çäreler alnyp barylýar.