Ykdysadyýet
25.10.2021
2750
Türkmen telekeçileri IT-tehnologiýalary telekeçilige ornaşdyrmak boýunça okuw geçýärler
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistanyň kiçi we orta kärhanalarynyň zenan ýolbaşçylarynyň telekeçilik başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça onlaýn-treningi başlandy.
25.10.2021
4544
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.
24.10.2021
6622
Döwlet Baştutanymyz halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyryny işe girizmäge badalga berdi
23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.
24.10.2021
7853
Lebap welaýatynda şaly oragyna köpçülikleýin girişildi
Lebap welaýatynda oktýabr aýynyň 20-sinde köpçülikleýin şaly oragyna girişildi.
23.10.2021
17853
Ýumşak gap çykarýan zawod işläp başlady
«Aziýa plastik» kärhanasy ýerli polipropilenden önümiň ilkinji tapgyryny çykardy. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 1-nji oktýabrda ürgün serişdeler üçin polipropilen halta öndürýän zawod işe girizildi. Indi sehde oturdylan awtolamik enjamda 50-60 kilogram un daşamak üçin ýumşak gap taýýarlanylýar. Önüm çykarmak üçin Türkmenbaşy NGIZT-nda we Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän ýerli çig mal ulanylýar.
22.10.2021
8990
Şugundyryň bol hasyly ýetişdirildi
Murgap jülgesiniň ekerançylary oba hojalyk ýylynyň iň soňky hem iň süýji hasylyny- gant şugundyryny ýygnamaga girişdiler. “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri bu möwsüme nekirt etmek üçin Sakarçäge etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginden Ogulbossan Daňatarowanyň gant şugundyrynyň bitginli hasyly ýetişdirilen 3 gektar kärende ýerini saýlap aldylar. Öz ekin ýerinden bugdaýyň ýokary hasylyny almagy başaran tejribeli daýhan ikinji ekininiň hem her gektaryndan azyndan 145 sentner hasyla garaşýar.
22.10.2021
7067
Ýerli gorlara esaslanyp
Daşoguz şäherinde ýerleşýän kafel plitalaryny öndürýän kiçi kärhana ýanýoda niýetlenen plitanyň täze dört görnüşini öndürmegi ýola goýdy. Biri-birinden dürli biçüwi we şekili bilen tapawutlanyp, «Türkmen göl», «Samarkant», «Korund» we «Şewrolet» ýaly şahyrana atlary göterýän bu önümler landşaft dizaýnynda, meýdançalary abadanlaşdyrmakda, seýilgähiň pyýada ýollarynda ulanmak üçin niýetlenendir.
21.10.2021
2400
Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň söwda edaralary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Şu gün Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň söwda edaralarynyň, birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde türkmen-şweýsar işewürler forumy geçirildi. Bu çäre hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek hem-de iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamak maksady bilen guraldy.
21.10.2021
9021
Türkmen telekeçileri üçin fransuz dili
Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz instituty elektron söwdanyň ählumumy meýdançasynda onlaýn söwda etmek isleýän telekeçi tükmen zenanlaryna, senetçilerine, çeper elli ussatlara degişli telekeçiligiň fransuz dilini öwrenmmek üçin okuwlar guraýar. Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz institutynda taslamanyň guramaçylarynyň, wekilleriniň we okuwlaryň geljekki diňleýjileriniň gatnaşmagynda okuwyň başlanmagy mynasybetli tanyşdyrlyş çäresi geçirildi.
20.10.2021
6956
Türkmen-russiýa ykdysady forumy
Şu gün sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi.