Ykdysadyýet
19.07.2021
4945
Ýurduň demirgazygynda ýer almanyň ýygymy dowam edýär
Ýurduň demirgazygynda ýazlyk kartofeliň ýygymy ýokary depginde alnyp barylýar.
19.07.2021
4023
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy
Energiýa serişdeleriniň dürli görnüşlerine baý Merkezi Aziýa dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden ulanmagyň we energiýa peýdalylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna girdejili, pes uglerodly, klimatyň özgermegine durnukly ykdysadyýete geçmek ýolunda halkara hyzmatdaşlygy üçin açykdyr.
18.07.2021
6532
Türkmenistanyň ýangyç we energetika toplumynyň önümleri durnukly islege eýe bolýar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
18.07.2021
6161
Ýurdumyzyň eksport kuwwaty
Milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmäge, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda telekeçiligiň işjeňligini artdyrmaga gönükdirilen çäreler ýurdumyzyň işewürlik gadamlaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýär. Aýratyn-da bu çäreler importyň ornuny tutup, eksporta niýetlenen önümleriň öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmaga, milli önümlerimiziň eksport edilýän ýurtlarynyň sanyny köpeltmäge uly itergi berýär. Bu ugurda «Keremli ädim» hususy kärhanasy döwrebap işleri alyp barýar.
17.07.2021
4256
Britaniýaly kompaniýa Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebit önümlerini ýurt daşyna ibermek üçin gämi duralgasyny gurar
Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit önümlerini daşary ýurtlara ibermek üçin gämi duralgasyny gurar. Türkmen nebit önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna üznüksiz iberilmegini üpjün etmek maksady bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde degişli karara gol çekdi.
17.07.2021
4029
CNPC Türkmenistanda BAE-niň kompaniýanyň gurluşygyny tamamlamadyk üç sany gaz guýusyny gurup gutarar
Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC» kompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýasynyň «Galkynyş» gaz käninde adaty gaz guýularyndan çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan üç gaz guýusynyň tamamlamadyk gurluşygyny ýerine ýetirer. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ugam arkaly geçirilen mejlisinde degişli Karara gol çekdi.
17.07.2021
4451
Täze möwsüme taýýarlyk görýärler
“Daşoguzpagta” önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalary şu günler täze möwsüme taýýarlyk görýärler.
16.07.2021
5092
Topraga siňdirilen yhlasyň miwesi
Türkmenistanda geçirilen ýer reformasy oba ykdysadyýetiniň ösmegi üçin amatly şertler döretdi. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere uzak möhlet bilen ulanmak üçin ýer bölünip berilmegi diňe bir ekin meýdanlaryny ep-esli artdyrmaga däl, eýsem tehnologik döwrebaplaşdyrmagyň we suwdan oýlanyşykly peýdalanmagyň hasabyna işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Şu ýylyň alty aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň (TSTB) agzalary oba hojalygy we azyk önümleriniň öndürilişini meýilnamadaky bilen deňeşdirilende, üçden bir esseden gowrak artdyrdy. Ýylyň birinji ýarymynda Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary 150 müň tonnadan gowrak hasyl aldylar.
15.07.2021
4742
Elektron senagatyny ösdürmekde türkmen-rus hyzmatdaşlygy
Russiýanyň Moskwanyň ýörite ykdysady zolagynda (ÝYZ) ýerleşýän mikroelektronika öndürýän we eksport edýän iň iri «Mikron» şereketi önümlerini Türkmenistanda tanatmaga başlaýar. Bu barada ýakynda «RIA Nowosti» habar berdi.
13.07.2021
3451
Ýurduň senagatynyň kuwwaty artýar
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky pagta egriji fabriginiň işe girizilenine kän wagt geçmedigem bolsa, ol dünýä dokma önümleri bazarynda orun tutdy, kärhananyň önümleriniň ýetmiş göterimden gowragy daşarky bazarlara ugradylýar.