mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ykdysadyýet

news-photo

02.04.2021

total-veiw

2494

Маry welaýatynda 30 müň gektardan gowrak meýdanda gowaça ekildi

Mary welaýatynyň ekin meýdanalarynda köpçülikleýin gowaça ekişine girişildi.  Häzirki günler Türkmenistanyň günortasynda ekiş üçin iň gowy döwür hasaplanýar. Bu ýyl gowaça ekilmeli  180 müň gektaryň esasy meýdanlarynda 20-nji aprele çenli ekişi tamamlamak göz öňünde tutulýar.  Bu möhlet ekiş işleriniň meýilnamasynyň esasyny düzdi.  Şoňa laýyklykda pagta zawodlaryndan gowaça çigidini saýlap almak, hojalyklara eltip bermek, ekiş tehnikasyny ýangyç-çalgy ýaglary bilen üpjün etmegiň iş tertibi kesgitlendi. 

news-photo

31.03.2021

total-veiw

3109

Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde howa şertlerine görä, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar.

news-photo

28.03.2021

total-veiw

4278

«Derýaplastik» HJ elektrik suw gyzdyryjylary çykarmagy özleşdirdi

«Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti elektrik boýlerleriň önümçiligini özleşdirdi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda  jaşaýyş jaýlary üçin suw gyzdyryjylaryň 400 müňüsini çykarmaga niýetlenen kärhana işe girizildi.

news-photo

27.03.2021

total-veiw

3339

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

news-photo

24.03.2021

total-veiw

13040

Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy martda geçiren mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar.


news-photo

20.03.2021

total-veiw

4110

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

news-photo

19.03.2021

total-veiw

3474

Onlaýn-duşuşykda Case New Holland kompaniýasy bilen hyzmatdaşlgyň ugurlary ara alnyp amslahatlaşyldy

18-nji martda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Case New Holland (CNH)» amerikan kompaniýasynyň Kawkaz, Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça telekçilik direktory Stýuart Kempbeliň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen wideoduşuşyk geçirildi.Gepleşiklerde ýurdumyzyň telekeçilik bileleşiginiň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryna garaldy.

news-photo

18.03.2021

total-veiw

3476

«Läläzar Zaman» HK plastik önümleriň eksportuny artdyrýar

Germaniýaly, gruziýaly we özbegistanly telekeçiler «Läläzar Zaman» hususy kärhanasynyň täze önümini -- polimer opalubka listlerini satyn aldyalr. Şu ýylyň mart aýynda plastik opalubkanyň uly tapgyry -- 700 list töweregi Türkiýä ugradylar.

news-photo

18.03.2021

total-veiw

3474

Türkmen telekeçileri gurluşyk serişdelerini öndürmegi güýçlendirýärler

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän keramika önümleriniň giň görnüşini çykarýan döwrebap önümçilik toplumy bezeglik önümleri çykarmagy güýçlendirýär. Her gün bu ýerde 140 müňden gowrak taýýar önüm öndürilýär.

news-photo

17.03.2021

total-veiw

12693

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty

Şu gün paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty öz işine başlady. Olar ýurdumyzyň telekeçileriniň 26 müňe golaýyny birleşdirýän bu iri düzümiň döredilen gününe bagyşlanýar.


...406