Ylym
04.05.2026
4952
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy
23-nji aprel ̶ 2-nji maý aralygynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdylar.
04.05.2026
2456
Türkmen talyplary Sankt-Peterburgda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda medallara mynasyp boldular
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Sankt-Peterburguň Informasiýa tehnologiýalary, mehanika we optiki milli barlaglar uniwersiteti tarapyndan 25 – 29-njy aprel aralygynda guralan Demirgazyk döwletleriň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) üstünlikli çykyş etdiler.
02.05.2026
3319
Ýurdumyzyň 2026 - 2027-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylary noutbuk kompýuterlerini sowgat alarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýyl birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylar üçin Bilim ministrligi tarapyndan kompýuterleri satyn almak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu baradaky çözgüt ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda bitirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda yglan edildi.
01.05.2026
2546
«DÖM-e ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy taslamalaryň halkara bäsleşigi geçiriler
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä günine we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy-taslama işleriniň halkara bäsleşigini geçirer.
30.04.2026
3590
Täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary üçin täze okuw kitaplarynyň nobatdaky tapgyry çap edildi.
30.04.2026
2867
Türkmen talyp gyzy rus dili boýunça «Homo dicens» halkara olimpiadasynyň ýeňijisi boldy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Medine Sopytaganowa rus dili boýunça «Homo dicens» halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdi. Bäsleşik Moskwa şäheriniň mugallymçylyk uniwersiteti we Russiýa Federasiýasynyň Ynsanperwer ylymlary instituty tarapyndan guraldy.
29.04.2026
3685
Almaty şäherinde üç günlük okuw maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti 27 – 29-njy aprelde Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilýän DARYA SCAFFOLD halkara maslahatyna gatnaşdy.
29.04.2026
2873
«IT-Zehin: sanly synag – 2026» atly hakaton bäsleşiginiň jemi jemlendi
20 – 21-nji aprel aralygynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan guralan «IT-Zehin: sanly synag – 2026» atly hakaton bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň 19-syndan talyplar gatnaşdylar.
28.04.2026
4566
Mekdep okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 11 – 12-nji synp okuwçylaryň arasynda matematika, himiýa we informatika boýunça ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
28.04.2026
3854
Iňlis dili mugallymlarynyň arasynda geçirilen bäsleşik
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 27-nji orta mekdepde etrabyň iňlis dili mugallymlarynyň arasynda «Iň gowy usuly gollanma» atly bäsleşik geçirildi.